Çagalar ýylgyrsa zemin ýylgyrýar

Çagalar ýylgyrsa  zemin ýylgyrýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, 23-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Çagalar ýylgyrsa - zemin ýylgyrýar ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Gürrüňdeşlikde tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda körpeje nesilleriň tomus paslynyň ilkinji günleri bolan bagtyýar çagalarymyzyň baýramy bilen başlanmagy, körpe nesilleriň şatlygyny has-da goşalandyrýandygy barada, şeýle-de çagalaryň parahat durmuşda ösüp-ulalmagy, sapaly dynç almagy, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Kitaphana hünärmenleri ýaşajyk körpe nesilleriň arasynda Türkmen halk ertekileri atly kitabyny okap berdiler we sorag-jogap alyşdylar.Bu bolsa oňa gatnaşan çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Düwleniň derisinden kitap
Kitaphana işi ösdürilýär
Kitap hazynalar ummany
KITAPHANA SYN
TÄZE GELEN METBUGAT NEŞIRLERINE SYN
Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserleri Kiýew şäherindäki kitaphana gowşuryldy
Аstrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi