Çagalar ýylgyrsa zemin ýylgyrýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalar ýylgyrsa zemin ýylgyrýar” ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpe nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmekleri üçin uly aladalaryň edilýändigini, bagtyýar çagalaryň joşgunly sesleri belentden ýaňlanyp, dürli medeni hem-de sport çärelerine gatnaşyp, öz wagtlaryny gyzykly, şatlykly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda kitaplaryň orny örän uly bolup durýandygy, aýratyn hem türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri çagalarda uly täsir galdyrýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Pekinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi
Garagumyň aýdymçysy
Dünýä belli Mollagara melheme baý şypahana
Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär
Kitaphanalar dost-doganlyk köprüsi
Hazaryň kenaryndaky Gara altyn sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler
AHALTEKE BEDEWI TÜRKMENIŇ BUÝSANJY HEM ŞÖHRATY