Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde körpeje okyjylaryň arasynda “Garagumyň aýdymçysy” şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni Kasym Norbatowyň ömri, nusgawy döredijiligi we çagalara goýan baý edebi mirasy barada körpeje okyjylara şeýle täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem kitaphana hünärmeni şahyryň körpe okyjylaryň kalbyna barýan iň gysga ýoly tapandygyny aýratyn belledi.
Onuň çagalar üçin ýazan eserleri we dünýä edebiýatyndan eden terjimeleri çagalaryň iň söýgüli kitaplaryna öwrülendigini hem belläp geçdi.Körpeje okyjylar hem öz gezeklerinde şahyryň goşgularyndan bölekleri ýatdan aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda edebi, mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil we parahatçylyk söýüji bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary etýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
