Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Ahal welaýatyň Änew şäherindäki 15-nji çagalar bagynda Ene - dünýäniň iň owadan güli, ter bägüli atly Halkara zenanlar gününe bagyşlap edebi-sazly ertirlik geçirildi.
Pasyllaryň içinde bahar pasly dürli reňkli öwşün atyp, owadanlygy we hoştap, jana şypaly howasy bilen ynsany heýjana getirýär. Şeýle ajaýyp paslyň ilkinji aýynda gelin-gyzlaryň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bellenip geçilýär.
Bu ajaýyp baýramyň uly toý, şatlyk, dabara bilen bellenilmeginiň özi enelerimize, zenanlarymyza, uýalarymyza goýulýan sylag-hormatdan nyşandyr.Olaryň baýramlarynyň-da bahar paslyna gelýändiginiň simwoliki manysy bar. Çünki bahar hem dünýä gözellik paýlaýar, gelin-gyzlar hem dünýäniň gözelligine gözellik goşýar. Şu çärämizde alyp baryjy tanymal ýazyjylaryň, şahyrlaryň zenanlara bagyşlanan goşgy setirlerinden okap berdi.
Körpeje jigilerimizem öz gezeginde goşgular, aýdym-saz tans bilen çykyş etdiler.Kitaphananyň hünärmenleri baýramçylyga bagyşlap kitap sergisini gurnadylar. Çäräniň soňunda il-günüň göwnüne ganat, beýik döwrüne zynat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
