Kitap - çagalaryň iň ýakyn dosty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 115-nji çagalar bagynda Kitap - çagalaryň iň gowy dosty ady bilen ertekili kitaplar esasynda sesli okaýyş geçirildi.

Körpeje nesilleriň arasynda geçirilen sesli okaýyşda halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýandygy şeýle hem, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de çagalara ertekileriň üsti bilen onuň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşplerini öwrenmäge, ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşmaklaryny ündediler.

Geçirilen sesli okaýyşyň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti
“Arkadag şäheri-geljegiň şäheri”
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni miras - ruhy baýlygymyz atly söhbetdeşlik geçirildi
Aňzakda, göreşde açylan ak gül