Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 115-nji çagalar bagynda Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde asuda we parahat ýurdumyzda çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygyny, çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalarda türkmen halk ertekileriniň ähmiýetini has içgin düşündirilip, ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitap - çagalaryň iň ýakyn dosty
“Arkadag şäheri-geljegiň şäheri”
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni miras - ruhy baýlygymyz atly söhbetdeşlik geçirildi
Aňzakda, göreşde açylan ak gül