Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki №51-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaňy ýakynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly, at myradyň mekany” ýylynda “Çaglary söýýän şahyr” atly, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, şahyr Bazar Şalyýewiň 75 ýyllygyna bagyşlap edebi sazly ertirlik geçirildi.
Geçirilen ertirlige Türkmenistanyň “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň bölüm redaktory, ýaş şahyr Gurbanjemal Annakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy Goçy Annasähedow, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa şeýle hem mekdep müdiri Ogulbeg Annaýewa, halypa mugallym Ogulnabat Owlakowa dagy gatnaşdylar. Çäräniň başynda mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň “Arkadagyň nesli biz” atly goşgusyny labyzly aýtdylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Ýazlar” aýdymyny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şahyr Bazar Şalyýew kitap sergisiniň ýanynda ýaşajyk okyjylara birnäçe täsirli gürrüňler edip berdi.Gelen myhmanlar öz gezeginde kitaplary köpräk okamagy, kitap okamak bilen tebigatyň gözelligini, haýwanlar hakynda gyzykly wakalary, umuman kitaplaryň üsti bilen köp soraglara jogap tapmak bolýandygyny wagyz etdiler. Çäräniň dowamynda şahyr “Älemgoşar” atly kitabyndan birnäçe tapmaçalardyr, matallary ýaşajyk okyjylar bilen şowhunly sorag-jogap etdiler.
Geçirilen edebi ertirligiň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp zamanasynda bagtyýar ýaşaýan nesillerimiz üçin, bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy!
