Çagalaryň döredijilik bäsleşigine gatnaşyň, Toyotanyň baýraklaryny almaga howlugyň!

Garagum Ulag hojalyk jemgyýeti Toyota ýapon kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri 15 ýaşa çenli çagalary 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda badalga alan Arzuwymdaky awtoulag atly surat çekmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, gatnaşyjy çaga arzuwynda göz öňüne getirýän ulagyny, ýagny onuň adam üçin amatly funksiýasy bolan geljegiň ulagyny nähili görýändigini şekillendirmeli. Surat dolulygyna, hatda fonuna çenli reňklenen bolmalydyr. Kagyzyň mümkin bolsa A3 ýa-da A4 ölçegde bolmaly. Surat çekmek üçin galam, dürli görnüşli reňk, marker, flomaster hem-de meljagazlar ulanylyp bilner.

Döredijilik gözden geçirilişi iki tapgyrda geçirilýär. Işler 15-nji noýabra çenli kabul edilýär.

Ýene degişli makalalar

Gar ýaly ak kagyz
"Azatlygyň" žurnalistleriniň 70 ýyllyk ýoly
ПО ТЕРРИТОРИИ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОЙДЕТ КОНТЕЙНЕРНЫЙ ПОЕЗД С БУМАЖНОЙ ПРОДУКЦИЕЙ, ОТПРАВЛЕННЫЙ ИЗ РОССИИ В ИНДИЮ
Gazet kagyzlary ýüklenen rus konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana geçer
Türkmen telekeçisi kagyz tegekleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmakçy
6-njy noýabr Bütindünýä kagyzsyz güni
Türkmenistanda karton kagyzyndan islendik görnüşdäki gutulary nirä sargyt edip bolýar?