Gazet kagyzlary ýüklenen rus konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana geçer

Gazet kagyzlary ýüklenen rus konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana geçer

Kagyz önümleri ýüklenip, Russiýadan Hindistana ugran konteýner otlusy Türkmenistanyň üstünden geçer. Bu barada Russiýanyň RŽD Logistika ulag kompaniýasy habar berdi.

Habar berlişi ýaly, konteýner otlusy Demirgazyk—Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýola düşdi. Habarda şeýle ýükli otlynyň bu ugur boýunça 2022-nji ýylda ilkinji gezek geçýändigi bellenilýär.

Üsti gazet kagyzly 53 40 futluk konteýnerleri daşamak üçin RŽD Biznes Aktiw konteýner operatorynyň eýeçiligindäki 32 80 metrlik platformalaryndan peýdalanyldy.

Otly Russiýanyň Oktýabrskaýa demir ýolunyň Nigozero stansiýasyndan ýola düşdi we Demirgazyk—Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň çäklerinden geçip, Hindistanyň Çennaý portuna çenli dowam etdirer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Türkmenistan “Merkezi Aziýa Hytaý” DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Hindistana barýan rus ýük otlusy ýurdumyzyň üstünden geçýär
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 43 desgany bäsleşikli söwda çykardy