Türkmenistan “Merkezi Aziýa Hytaý” DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa  Hytaý” DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýekşenbe güni Hytaýyň Syçuan sebitindäki Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen “Merlezi Aziýa Hytaý” formatynyň özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler.

Gysga formatda geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, syýasy, işewürlik, söwda gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine hem-de energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmäge aýratyn üns berdiler. Bu görnüşli dialogyň çäklerindäki ikinji sammite taýýarlyk meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Giň görnüşde geçirilen mejlisiň dowamynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri özara hormat goýmaga esaslanýan medeni diplomatiýanyň halklaryň arasynda ynanyşmagy we parahatçylygy berkitmek üçin möhüm binýady emele getirýändigini nygtady

Duşuşyk Bilelikdäki Beýannamanyň gol çekilmegi bilen tamamlandy. Ol “Merkezi Aziýa Hytaý” formatynyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini kesgitleýär.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler