Hindistana barýan rus ýük otlusy ýurdumyzyň üstünden geçýär

Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan RŽD Logistika Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy bilen Kareliýa Respublikasyndan Hindistana kagyz önümleri bilen doldurylan konteýner otlusyny ugratdy. Bu barada RŽD-nyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Konteýner otlusy Oktýabrskaýa demir ýolunyň Nigozero stansiýasyndan ugrap, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy bilen Hindistanyň Çennaý portuna barar.

Bu ugur arkaly harytlaryň şu ugurdan iberilmegi 2022-nji ýylda ilkinji gezek alnyp baryldy. 53 sany 40 futluk konteýneri daşamak üçin RŽD Biznes Aktiw kompaniýasyna degişli bolan 32 sany 80 futluk platformalar üpjün edildi.

RŽD Biznes Aktiw AGPJ-niň başlygynyň orunbasary Andreý Koçkiniň aýtmagyna görä, geçelgäniň gündogar ugry bilen Türkmenistanyň Sarahs serhedinden Hindistana we Eýrana iberilýän ýük daşamalaryny köpeltmek boýunça taslamanyň çäginde gepleşikler alnyp barylýar.

RŽD geçen hepde gazagystanly, türkmenistanly we eýranly hyzmatdaşlary bilen bilelikde Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly konteýner daşamalaryna 2023-nji ýyl üçin ýeňillikli nyrhnamalary girizmek kararyna gelendigini mälim etdi.

Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

Ýene degişli makalalar

“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Azyk önümlerini öndürýän AGPJ-leriň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek teklip edildi
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy