Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy

Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýükleriň daşalyşyny, importyny we eksportyny ösdürmek, şeýle hem üstaşyr wagonlaryň Türkmenistanyň çäginden çalt geçirilmegini üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barýar. Şu maksat bilen Demirýollary AGPJ tarapyndan häzirki wagtda ulag we logistika pudagynda goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Alnyp barylýan şeýle işleriň netijesinde Demirýollary AGPJ 2024-nji ýylyň fewral aýyndan başlap aşakdaky ugurlarda üstaşyr ýükleriň geçiş wagtlarynyň gysgalandygyny habar berdi.

Ugur: Sarahs Farap

Ýük daşaýjy otly Sarahdan Farap serhet geçelgesine 35 sagatda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt 48 sagat).

Ugur: Farap Sarahs

Ýük daşaýjy otly Farapdan Sarahs serhet geçelgesine 17 sagat 38 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt 48 sagat).

Ugur: Farap Türkmenbaşy

Ýük daşaýjy otly Farapdan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna 50 sagat 30 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt 72 sagat).

Ugur: Serhetýaka Serhetabat

Ýük daşaýjy otly Serhetýakdan Serhetabat serhet geçelgesine 60 sagat 30 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt 96 sagat).

Ugur: Etrek Serhetýaka

Ýük daşaýjy otly Etrekden Serhetabat serhet geçelgesine 17 sagat 45 minutda barar (adaty tertip boýunça bu aralyga sarp edilýän wagt 72 sagat).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär