Çapar ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär

Çapar ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar ykjam programmasy Türkmenistan awiakompaniýasynyň içerki gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almaga mümkinçilik berýär.

Bu maksat bilen köp taraply ykjam programmada Howa ýollary bölümi göz öňünde tutulandyr, ol ulanyjylary syýahatyň nireden, nirä we haýsy wagtda meýilleşdirilendigini görkezmek zerur bolan sahypa ugrukdyrýar. Programma sanlyja sekundyň içinde uçuşlaryň mümkin bolan görnüşlerini hödürlär, olaryň peteklerini şolbada Türkmenistanda hereket edýän bank kartlary arkaly satyn almak mümkindir.

Ýatlatsak, Çaparyň kömegi bilen çaparlary çagyrmak, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalary üçin jerime tölemek, ykjam telefonyňyzyň balansyny doldurmak, internet, öý telefony, IPTV, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek we agyz suwuny sargyt etmek mümkindir.

Çapar ykjam programmasy Android we iOS ulgamlarynda işleýän enjamlarda gurnamak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir
Türkmenistanyň ýaşaýjylary Çapar ykjam programmasy arkaly ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlap we töläp bilerler
AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar
Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer