"Çarwalaryň ýurdy", "Täç" we "Ruh" — "Altyn globus-2021"-iň ýeňijileri belli boldy

"Çarwalaryň ýurdy", "Täç" we "Ruh" — "Altyn globus-2021"-iň ýeňijileri belli boldy

Amerikan kinosynyň esasy baýraklaryndan biri bolan “Altyn globus-2021”-iň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara iň gowy film, iň oňat aktýor we aktrisa ýaly ugurlarda köp sanly meşhurlary we muşdaklary begendirdi.

Holliwud Assosiasiýasy we daşary ýurt habar beriş serişdeleri kino pudagynyň esasy baýraklaryny kimleriň alandygyny mälim etdiler.Iň oňat drama filmi “Çarwalaryň ýurdy” (Nomadland) filmi boldy we baýragyň iň gowy režissýor diýen ady bu filmi döreden Hloýa Çžao berildi.

Iň oňat komediýa ady "Borat 2" filmine, iň gowy komediýa aktýory baýragy Saşa Baron Koýene berildi.Iň oňat komediýa aktrisasy "Hilegär gyz" (I Care a Lot) filmindäki roly üçin Rozamund Paýk boldy.

Iň oňat drama aktýory “Ma Reýni: Blýuzyň enesi” (Ma Rainey's Black Bottom) filmindäki roly üçin Çadwik Bouzman we iň gowy drama aktrisasy Andra Deý boldy.Tankytçylar ikinji plandaky iň oňat aktýorlar hökmünde Daniela Kaluuýany ("Iuda we Gara Mesih" - "Judas and the Black Messiah") we "Mawritanly" (The Mauritanian) filmindäki roly üçin meşhur Jodi Fosteri tapawutlandyrdylar.

Iň oňat ssenariýa baýragy “Çikagoly ýedileriň derňewi” (The Trial of the Chicago 7) filminiň döredijilerine gowşuryldy we “Minari” birleşigiň iň gowy daşary ýurt filmi boldy. "Täç" (The Crown) serialy üç ugur boýunça baýrak aldy: iň oňat drama serialy we drama serialyndaky iň oňat aktýor we aktrisa - Joş O'Konnor we Emma Korrin. "Şitts Krik" (Schitt's Creek) iň gowy komediýa serialy boldy we Ketrin O'Hara iň gowy komediýa serialynyň aktrisasy boldy.

Iň oňat mini-serial adyny "Perziniň göçümi" (The Queen's Gambit) filmi, mini-serialyň iň gowy aktrisasy adyny bolsa onuň baş gahrymany Anýa Teýlor Şoý aldy.Mini-serialyň iň gowy aktýory - Mark Ruffalo ("Munuň hakykatdygyny bilýärin" - "I Know This Much Is True") boldy.

Iň oňat animasiýa “Pixar”-yň meşhur animasiýasy - "Ruh" (Soul) boldy.

Ýene degişli makalalar

“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Çarwadarlaryň Oskary
Çempionlar Ligasynyň, Ýewropa Ligasynyň finalynyň eminleri belli boldy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Tor: Söýgi we Gümmürdi atly täze filmiň treýleri bilen tanyşdyryldy