Çawuşoglu, Özbegistanyň Daşary Işler Ministriniň Wekili Bilen Duşuşdy

Çawuşoglu, Özbegistanyň Daşary Işler Ministriniň Wekili Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýor Saidow bilen Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasy AFAD-yň Gaziantepdäki merkezinde duşuşdy.

Mewlüt Çawuşoglu, Twitterden beren habarnamasynda, “ Bu agyr günlerimizde bizi ýeke goýmadyk doganlyk ýurt Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýor Saidowa arkalaşyk sapary üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Güýç merkezi Kahramanmaraşyň Pazarjyk we Elbistan etraplary bolan we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň daşary ýurtlardan ýokary derejeli arkalaşyk saparlary guralýar.

Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýor Saidow hem güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen Türkiýä geldi.

Ýene degişli makalalar

Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar
Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Geçirildi
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Eýranda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlanan protestlerde alty adam ýogaldy
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça ÝaRus XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça ÝaRus XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi