Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi

Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiyäniň 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremelerden soň ozal görülip-eşidilmedik derejede halkara derejede goldaw alandyklaryny belläp: "Ine şol raýdaşlyk diplomatiýasy, başarnykly, ynsanperwer, hoşniýetli we täsirli daşary syýasatymyzyň netijesidir" diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türk Taryh guramasy we Daşary işler ministrligi tarapyndan Stambul uniwersitetinde geçirilen "Respublikanyň 100 ýyllygynda Türkiýäniň Daşary işleri: Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumyň açylyşynda çykyş etdi.

Çykyşynda -njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremeleriň üstünde durup geçen Mewlüt Çawuşogly: "Dünýäniň milli girdejisine görä iň haýyr-sahawatçy millet we iň köp galkynyş kömegini beren 3 ýurduň biri hökmünde, ozal görülip-eşidilmedik derejede halkara derejede goldaw we kömek aldyk. Ine şol raýdaşlyk diplomatiýasy, başarnykly, ynsanperwer, hoşniýetli we täsirli daşary syýasatymyzyň netijesidir" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar