Çempionatyň taryhyndaky iň köp golly 2-nji duşuşyk

/* custom css */ .td_uid_19_60db0d822f595_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60db0d822f595_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Kopengagende oýnalan Horwatiýa-Ispaniýa duşuşygy taryhy oýunlaryň biri hökmünde hasaba alyndy. Çekeleşikli geçen oýun Ispaniýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy başardy.

Oýnuň 20-nji minutynda Horwatiýanyň ýygyndysy Pedriniň ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçiren täsin goly bilen öňe saýlandy. 38-nji minutda Pablo Sarabiýa hasaby deňledi. 57-nji minutda Sezar Azpilikueta özüniň 27-nji duşuşygynda ilkinji milli goluny geçirdi. 77-nji minutda Ferran Torres 3-nji goly-da horwatlaryň derwezesinden girizdi.

Oýnuň 85-nji minutda 67-nji minutda oýna giren Mislaw Orşiç horwatlaryň 2-nji goluny geçirdi.Bu goldan 7 minut soň onuň pasy bilen Mario Paşaliç hasaby deňläp, ýeňijiniň goşmaça wagtda belli boljakdygyny mälim etdi.

Goşmaça wagtyň ilkinji minutlarynda horwatlar örän amatly pursatlardan peýdalanyp bilmändigini belläliň.Oýnuň 100-nji minutynda Olmonyň pasyndan soň owadan urgy bilen Alwaro Morata, 3 minutdan soňam ýene-de Olmonyň asist etmeginde Mikel Oýarzabal tapawutlandy. Şeýlelikde, 5-3 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýa çärýek finalda şweýsarlaryň bäsdeşi boldy.

Bu duşuşyk Ýewropa çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp golly 2-nji duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.Mundan öňde 1960-njy ýyldaky Fransiýa-Ýugoslawiýa duşuşygy bolup, ýugoslawlar 5-4 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Ýewro-2020: Ispaniýa Slowakiýany, Şwesiýa Polşany ýeňdi
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Säheriň sport täzelikleri
Ispaniýa Milletler ligasynda Germaniýany 6:0 hasap bilen ýeňdi
Pikasso bagyşlanan sergiler geçiriler