Säheriň sport täzelikleri

Säheriň sport täzelikleri

1.Düýn agşam Angliýanyň premýer-ligasynyň 2-nji tapgyrynyň birnäçe oýny geçirildi.Premýer-ligada günüň sensasiýasy — Brentford-Mançester Ýunaýted duşuşygy boldy.Bu oýunda Erik ten Hagyň şägirtleri 35-nji minuta çenli öz derwezelerine dört gol geçirdip, 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldular. Ýunaýtediň portugaliýaly ýyldyzy Kriştianu Ronaldu oýny dolulygyna meýdançada geçirdi.

Bu ýeňliş Ýunaýtediň birbada birnäçe antirekordlarynyň gaýtalanmagyna getirdi.Topar ikinji tapgyrdan soňra turnir tablisasynyň ahyrky ýerine çenli aşaklady. Şeýle ýagdaý soňky gezek 1992-nji ýylyň awgustynda hasaba alnypdy.

Mundan başga-da Ýunaýted myhmançylykdaky bassyr ýedinji oýnunda ýeňlişe sezwar boldy we bu ugurda 1936-njy ýylda hasaba alnan antirekord gaýtalandy.Gyzyl şeýtanlaryň halypasy Erik ten Hag bolsa Ýunaýtediň baş tälimçiligindäki deslapky iki oýnunda hem ýeňlen soňky ýüzýyllykdaky ilkinji hünärmen boldy.

Ýunaýtediň tersine Mançester şäheriniň beýleki bir topary Siti bolsa Bornmuty hiç hili kynçylyksyz 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gwardiolanyň şägirtleri ikinji tapgyrdan soň turnir tablisasynyň birinji basgançagyna ornaşdylar. Şeýle-de ikinji tapgyryň ýene bir üns çekiji gapma-garşylygynda Artetadan tälim alýan Arsenal Lesterden 4-2 hasabynda üstün çykdy.

2. Tomusda täze oýunçylaryň transferi üçin iň köp pul sowan Barselona La Liganyň deslapky tapgyrynda utuk ýitirdi. Hawiniň türgenleşdirýän topary birinji tapgyrda Kamp Nouda Raýo Walýekanony kabul edip, 0-0 hasabyndaky deňlige kaýyl boldy.

3. Parižiň PSŽ kluby Fransiýanyň çempionatyndaky ýeňişli ýörişini dowam etdirýär. Parižliler düýn üçünji tapgyryň çäklerinde Monpelýeni 5-2 hasabynda ýeňdiler. Duşuşykda Neýmar dubl edip, üç tapgyrdan soňra gol+pas düzgüni boýunça hasabyndaky utuklaryny 8-e ýetirdi.

4. Düýn Italiýanyň A seriýasynda täze möwsüm badalga aldy. Deslapky tapgyrda Milan Udinezäni 4-2 hasabynda, Inter Dýumfrisiň 90+5-nji minutdaky goly arkaly Leççeni 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

5. Monrealdaky Masters ýaryşynda finalçylar belli boldy. Has takygy, ýarym finalda Kasper Ruudi ýeňen Hubert Hurkaç hem-de Den Ewansdan üstün çykan Pablo Karreno-Busta aýgytlaýjy oýunda korta çykmaga hukuk gazandy. Maglumat üçin, ispaniýaly Pablo Karreno-Busta öz karýerasynda ilkinji gezek Masters seriýasyna girýän ýaryşyň finalyna çykdy.

Zenanlar tennisinde bolsa Torontodaky ýaryşyň finalçylary anyklanyldy. Torontodaky ýaryşyň ýarym finalynda Simone Halep Jessika Pegulany ýeňip, Býatris Haddad-Maýýa bolsa Karolin Plişkowany ýeňlişe sezewar edip final ýollanmasyna eýe çykdy.

6. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego şäherinde UFC on ESPN 41 söweş agşamy geçirildi. Agşamyň merkezi tutluşygynda ýeňil agramda çykyş edýän ekwadorly Marlon Wera amerikaly Dominik Kruza garşy oktagona çykdy. Tutluşyk 4-nji raundda garşydaşyny nokauta sezewar eden Weranyň ýeňşi bilen gutardy.

7. 17 ýaşly rumyniýaly türgen Dawid Popowiç 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça dünýä rekorduny täzeledi.Ol Rim şäherinde dowam edýän sportuň suwdaky görnüşleri boýunça Ýerwopa çempionatyndaky çykyşynda 100 metr aralygy 46,86 (täze dünýä rekordy) sekuntda geçmegi başardy we ýaryşyň altyn medalyna eýe çykdy. 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde mundan ozalky dünýä rekordy braziliýaly Sezar Siýelo Filýo (46,91 sekunt) degişlidi.

Ýene degişli makalalar

ESPN Mançester Ýunaýted-iň täze baş tälimçisiniň adyny aýtdy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Sportuň taryhynda şu gün 7-nji sentýabr
Pikassonyň kartinasy satylar
Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy
Tokiodan medalsyz gaýtdy