Le Monde: Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteks, koronawirus epidemiýasynyň Fransiýa ençeme görnüş bilen 3-nji tolkun bolup girendigini habar berdi.
France 24: Ýewropa Bileleşiginiň derman sazlaýjy edarasy bolan Ýewropanyň Derman Agentligi guramasy, AstraZeneka kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň peýdalarynyň zyýanyndan has köpdügini aýdýar.
Le Soir: Koronawirus: Belgiýada AstraZeneka sanjymy edileninden soň, ganyň goýalmagy bilen bagly 6 hadysa bellige alyndy.
RND.de: Tebigy gaz düşünişmezçiligi: Afiny we Ankara dialog üçin umumy ýagdaýda taýarlyk görýärler.
dpa: Koronawirusyň täsiri: Germaniýa 2020-nji ýyl üçin daşky gurşaw maksatnamasyna ýetdi.
Süddeutsche Zeitung: Ýewropanyň Derman Agentligi guramasy (EMA): "AstraZeneka kärhanasynyň sanjymynyň peýdasy zyýanyndan köp" diýip aýtdy.
Aljazeera: Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu ertir BAE sapar guramagy meýilleşdirýär.
Aljazeera: Halkara Atom energiýasy agentligi: "Eýran Natanzda döwrebap enjamlar bilen uran baýlaşdyrmaga başlady" diýip habar berdi.
Al-Kudus Al-Arabi: Siriýanyň Adam hukuklary gözegçilik öýi: "Derada Asada tabynlykdaky güýçlerden 21 esger oppozisionerler tarapyndan öldürildi" diýip aýan etdi.
REGNUM: Russiýanyň Daşary işler ministrligi: "Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hormada esaslanýar" diýip belledi.
RIA Nowosti: ABŞ-nyň razwedkasy, Russiýany saýlawlarda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene päsgel bermek bilen günäkärledi.
Kommersant: Ukrainanyň Döwlet serhet gullugy, Russiýany howa giňişligini bozmak bilen günäkärledi.
Lenta.ru: Ýewropanyň sanjym pasportyna Russiýanyň "Sputnik V" sanjymy goşular.
El Pais (Ispaniýa): Hasap Palatasy, Kataloniýa awtonom dolanşygynyň Ispaniýadan garaşsyzlygyny almagyny goldaýan tussaglylaryň sebäp bolan maddy zyýanyň öweziniň dolunmagynyň gerekdigi baradaky karary tassyklady.
El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň Ykdysadyýet ministri Ýolanda Diaz, Podemos partiýasynyň lideri Pablo Iglesiasdan boşalan wise-premýer wezipesine geçer.
TeleSur (Wenesuela): Boliwiýanyň Daşary işler ministrligi, OAS guramasynyň baş sekretary Luis Almagronyň ýurdyň ozalky Prezidenti Žanin Anýesi goldamak üçin beren beýanatlaryny ret etdi.
