Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Jezire (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp malahatlaşyldy.

Al-Düstur (Iordaniýa): Liwan bilen Ysraýylyň arasynda deňiz serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler ýaňadandan başlady.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): ABŞ-nyň Polisiýa gullugynyň ozalky işgäri Derek Şowin, asly afrikaly bolan Jorj Floýdy öldürmekten günäli hasap edileninden soň, kazyýet diňlenşiginiň gaýtadan geçirilmegini talap edýär.

nex24.news: Goranyş tehnologiýasy, Türkiýe oýlap tapan howa goranyş raketasy bolan HISAR-A-ny üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirdi.

Deutsche Welle: Korona: Germaniýanyň hökümeti koronawirus sanjymy bolanlara, keselläp gutulan adamlara adaty hukuklarynyň gaýtarylyp berilmegini öz düzüminde jemleýän kararnamany kabul etdi.

El Mundo (Ispaniýa): Halk partiýasy, çepçi bölünşik üçin soňky öwrülişik nokadyna ýetdi. Madrid şäherinde sebitleýin saýlawlarda üstün çykdy.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada Unidas Podemos partiýasynyň lideri Pablo Iglesias, Madritde çepiň şowsuzlygyndan soň syýasatdan çykýandygyny habar berdi.

Telesur (Wenesuela): Kolumbiýada 28-nji aprelden bäri dowam edýän salgyt reformasyna garşy protestlerde 19 adam ýogaldy.

Le Figaro: Kowid-19: Ýewropalylaryň 1/4 bölegi ilkinji gezek sanjym etdirdi, ABŞ sanjym kampaniýasyny çaltlandyrdy.

Le Monde: Müsür Fransiýada 30 Rafaele harby uçaryny satyn alandygyny tassyklady.

France 24: Fransiýada Kowid-19-a garşy bu hepde 3 million adamyň sanjym edilmegi maksat edinilýär.

RIA Nowosti: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýany halkara jogapkärçiligini ýerine ýetirmegi üçin basyş edilmegi barada çagyryş berdi.

Lenta.ru: ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Russiýany Siriýa krizisini çözmek mehanizmininiň düzgünini bozmak bilen günäkärledi.

Kommesant Gazedi: Russiýanyň Döwlet Wirusologiýa we biotehnologiýa ylmy-derňew merkezi "Wektor", 3 doza ýagdaýynda ediljek "EpiVakKorona" sanjymynyň kliniki synaglaryny geçirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ysraýyla Ýarag Satmaga Dowam Edýär
Maryda ýene iki oba we birnäçe hassahana karantine alyndy. Aşgabatda söwda merkezleri ýapyldy
Aşgabatda koronawirusdan ölýänleriň sany bir günde 70 adama ýetdi
Elleri 20 sekuntdan köp ýuwmaly däl. Näme üçin?
COVID-19 hadysalary gürelýän mahaly, mekdeplerde ýokary synp okuwçylaryň dynç alyşlary uzaldyldy
Berlinde pandemiýanyň öňüni alyş merkezi açyldy