ABŞ Ysraýyla Ýarag Satmaga Dowam Edýär

ABŞ Ysraýyla Ýarag Satmaga Dowam Edýär

Amerikan hökümeti, Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýän Ysraýyla jemi 20 milliard dollarlyk ýaragyň we harby enjamyň satylmagyny tassyklady.

Pentagona ýakyn Goranyş, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk gullugyndan berlen beýannama görä, Döwlet sekretarlygy, Ysraýyla milliardlarça dollarlyk täze ýarag satuwyny tassyklady.

Täze ýarag satuw bukjasynda harby uçarlar, raketalar, tanklar we toplar bilen birlikde taktiki enjamlar ýer alýar.

Jemi gymmaty 18,9 milliard dollara barabar bolan 50 sany F-15IA we 25 sany F-15 I harby uçarlary satuw bukjasynda esasy orun eýeleýär.

Beýleki tarapdan 30 sany orta aralykly raketa ulgamy AMRAAM hem Ysraýyla satyljak ýaraglaryň arasynda esasy orun eýeleýär.

Jemi gymmaty 20,3 milliard dollara barabar bolan bukjanyň Gazada we sebitde dartgynlygyň möwjeýän günlerinde tassyklanmagy ünsleri özüne çekdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň guran hüjümlerinde ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky azyndan 16 bazasyna zeper ýetirildi
ABŞ-nyň Uçar Gämisi Siriýanyň Golaýyna Çenli Geldi
ABŞ, Ukraina 2,6 Milliard Dollarlyk Goşmaça Harby Kömek Berer
Ukraina ABŞ-dan F-15 we F-16 Uçarlaryny Soraýar
ABŞ Terror guramasy ÝPG/SDG Bilen Hyzmatdaşlyk Edýär
Pentagon Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň DAIŞ-e garşy operasiýasy barada beýannama berdi