ABŞ-nyň Uçar Gämisi Siriýanyň Golaýyna Çenli Geldi

ABŞ-nyň Uçar Gämisi Siriýanyň Golaýyna Çenli Geldi

ABŞ, Eýran tarapyndan goldanýan güýçleriň Siriýada Amerikan esgerleriniň bolýan harby merkezlerine guran hüjüminden soň Ortaýer deňizindäki USS Jorj W. Buş uçar gämisi Siriýanyň golaýyna çenli getirdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat sekretarynyň orunbasary Sabrina Sinh, gündelik metbugat ýygnagynda “Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny bilen arabaglanşykly toparlaryň Siriýadaky harby güýçlerimize garşy guraýan hüjümlerini artdyrandyklaryny gördük. Biz hem uçar gämisini has ýakyn sebite getirdik” diýdi.

Sinh, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýäniň kenarlaryna golaýlan gäminiň, Siriýa serhedine has ýakyn boljakdygyny we iş möhlediniň uzadylandygyny aýtdy.

Sinh, 6 aýlyk iş möhledi gutaran gäminiň Ortaýer denizinde ýene-de näçe wagt galjakdygy barda bolsa maglumat bermedi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ harby gämilerine edilen 'sebäpsiz' hüjümlerden soň Eýranyň deňiz we harby desgalaryna zarba urandygyny aýdýar
ABŞ, Ukraina 2,6 Milliard Dollarlyk Goşmaça Harby Kömek Berer
Ukraina ABŞ-dan F-15 we F-16 Uçarlaryny Soraýar
ABŞ Terror guramasy ÝPG/SDG Bilen Hyzmatdaşlyk Edýär
Pentagon Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň DAIŞ-e garşy operasiýasy barada beýannama berdi
ABŞ-nyň Ukraina berjek tanklary Germaniýa baryp ýetdi