ABŞ-nyň Ukraina berjek tanklary Germaniýa baryp ýetdi

ABŞ-nyň Ukraina berjek tanklary Germaniýa baryp ýetdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) Ukraina beriljek 31 sany M1 Abrams tankyň front liniýasyna ugradylmazdan ozal, Ukrainanyň harbylaryna tälim berilmek maksady bilen Germaniýanyň Grafenwýor şäherine ugradylandygyny mälim etdi.

Pentagonyň Metbugat geňeşçisi general Patrik Raýder, ozal beriljekdigi barada wada berilen tanklarynyň Germaniýanyň Grafenwýor şäherine baryp ýetendigini aýan etdi.

Amerikaly general Ukraina degişli tehniki hyzmat we tank işgärleriniň hem öňümizdäki hepdelerde tank tälimini almak üçin Germaniýa geljekdigini habar berdi.

Patrik Raýder: "Ukrainaly ekipaž we tehniki hyzmat üçin niýetlenen şol tälim pgogramma, olaryň M1 Abrams tanklaryny täsirli ýagdaýda ulanmaklary we Ukrainanyň halkynyň goralmagy babatyndaky tankydy rollara taýarlanmagy maksat edinýär" diýip nygtady

ABŞ döwrebap sowutly we ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan tanklary ýanwar aýynda gowşurjakdygyny habar beripdi.

Pentagon üpjünçilik tapgyryny tizleşdirmek üçin mart aýynda ABŞ-nyň goşunynyň inwentarynda bolan M1A1 Abrams tanklaryny täzeläp Ukraina bermek barada karara gelipdi.

ABŞ-nyň hökümeti şol tanklaryň iň giýç güýz aýlarynda Ukraina frontynda bolup biljekdigini çak edýär.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Goşunlary Bahmutda Rus Hüjümlerine Garşy Göreşýär
Ukraina ABŞ-dan F-15 we F-16 Uçarlaryny Soraýar
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar
Tuttosport 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejerini yglan etdi