Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar

Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar

Russiýa Federasiýasy iýmit önümleriniň bahasynyň gymmatlamagynyň öňüni almak maksady bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Wiktoriýa Abramçenkonyň sözlerine salgylanyp, rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda Türkmenistanda, Azerbaýjandan, Täjigistan we Belarusdan getirilýän harytlaryň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Žurnalistleriň ýazmagyna görä, Türkmenistan eýýäm, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Russiýa iberýän azyk önümleriniň möçberini 93 göterime çenli ýokarlandyrdy. GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmak hakynda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin tabşyryk beripdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistandan Russiýa iberilýän gök-önümleriň we miweleriň möçberi 2021-nji ýylda 93 göterime çenli ýokarlandy.Geçen ýylda önümleriň 16,9 müň tonnasy eksport edilen bolsa, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 32,7 müň tonna çenli artdy.

Türkmenistandan Russiýa iberilýän önümleriň hatarynda pomidor we käşir aýratyn orun eýeläp, pomidoryň möçberi 16,4 müň tonnadan 31,9 müň tonna çenli, käşiriňki bolsa 40 tonnadan 302 tonna çenli ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa dünýäde bugdaýy iň köp eksport ediji ýurt boldy
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Tuttosport 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejerini yglan etdi
Ermeni telekeçisi BAE-de 1 million dollar gazandy