Russiýa dünýäde bugdaýy iň köp eksport ediji ýurt boldy

Russiýa dünýäde bugdaýy iň köp eksport ediji ýurt boldy

Russiýa 2022-nji ýylda bugdaýy eksport ediji ýurtlaryň sanawynyň başyny çekdi we azyk harytlaryny eksport ediji döwletleriň sanawynda 18-nji orna çykdy diýip, ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Wiktoriýa Abramçenko habar berdi. Bu barada Vesti.ru ýazýar.

Russiýa oba hojalyk harytlaryny 160 ýurda eksporta iberýär, hökümet azyk harytlarynyň eksportyny goldamak barada çäreleri görýär diýip, Abramçenko nygtady.

2022-nji ýylda RF dänäniň umumy hasyly babatda rekord netije gazandy. Ýurtda däne önümleriniň 157,676 million tonnasy ýygnaldy we bu 2021-nji ýyldakydan 29,9 göterim artykdyr. Şol sanda bugdaýyň 104,237 million tonnasy ýygnalyp, ösüş 2021-nji ýyldakydan 37 göterim ýokary boldy.

2023-nji ýylda däne hasylynyň möçberi 123 million, şol sanda bugdaýyň hasyly 78 million tonna bolar diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrligi çaklaýar.

Şu ýyl Russiýa daşary ýurtlara dänäniň 50-55 million tonnasyny eksport etmegi meýilleşdirýär diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar
Tuttosport 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejerini yglan etdi
Ermeni telekeçisi BAE-de 1 million dollar gazandy