Tuttosport 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejerini yglan etdi

Tuttosport 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejerini yglan etdi

Londonyň "Çelsi" klubynyň müdiri russiýaly Marina Granowskaýa Tuttosport italýan neşirine görä 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbol menejeri diýlip ykrar edildi. Bu barada metaratings.ru habar berdi.

Neşir menejeriň londonly klubyň ýeten üstünliklerine, şol sanda 2020/21 möwsüminiň Çempionlar ligasynda gazanan ýeňşine goşan goşandyny belläp geçdi. Final oýunda Tomas Tuheliň şägirtleri "Mançester Sitini" 1:0 hasabynda ýeňmegi başardylar.

2010-njy ýylda Granowskaýa klubyň eýesi Roman Abramowiçiň wekili boldy. Şol wagtdan başlap, ol direktorlar geňeşini goldamak bilen meşgullandy. 2013-nji ýylda bolsa Granowskaýa “Çelsi FK”-niň geňeşiniň düzümine goşuldy.

2021/22 möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň 12 aýlawyndan soň “Çelsi” 29 utuk bilen liganyň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Şeýle hem “Çelsi” Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň "H" toparçasynda dokuz utuk bilen ikinji ýerde durýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar
Ermeni telekeçisi BAE-de 1 million dollar gazandy
Benedikt Kemberbetç Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ady ýazylan ýyldyzy alar
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi geçirildi
Roman Abramowiç “Çelsi” futbol klubuny satar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnalan Enä tagzymmukaddeslige tagzym“ atly baýramçylyk sergisi