Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Germaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli görülen çäreleriň netijesinde derslerinden yza galýan okuwçylara goldaw maksatly taýarlanan 2 milliard ýewrolyk goldaw bukjasy Ministrler kabineti tarapyndan kabul edildi.

Süddeutsche Zeitung: Facebook platformasy, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň sosial media platformasyna giriş gadagançylygynyň dowam etmegi barada karar kabul etdi.

Welt.de: Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň raýatlarynyň 1/4 bölegi Kowid-19-yň ilkinji dozasyny etdirdi.

Le Monda: Fransiýanyň Merinýan şäherinde köçäniň ortasynda äri tarapyndan ýakylan zenan ýogaldy.

France 24: Fransuz harbylara we syýasatçylara Napoleonyň ýogalmagynyň 200-nji ýyly bilen bagly beýanat beren Fransiýanyň Prezidenti Emmanul Makron: "Napoleon biziň bir bölegimizdir" diýdi.

Le Parisien: Fransiýanyň Awignon şäherinde polisiýa gullugynyň 1 işgäri neşe operasiýasynda atylyp öldürildi.

Al-Kudus Al-Arabi: Ýewropa Bileleşigi basyp alyjy Ysraýylyň ýaşaýyş ýerlerini giňeltmegini bes etmegini talap edýär.

Al-Kudus Al-Arabi: Liwiýanyň gündogar sebitinden bir wekiliýet ýurdyň paýtagty Tripoli şäherine sapar gurady we Liwiýanyň Premýer ministri Abdülhamid Dibeýbeden Bingazi şäherine saparyny çaltlandyrmagyny isledi.

Al Jazeera: Diplomatik çeşmeler: "Tähran bilen ABŞ-nyň arasyndaky düýpsüz uçurym Wena gepleşikleriniň dowam etmegini togtatdy" diýip habar berdi.

El Pais: Ispaniýanyň Madrid awtonom zolagynda 4-nji maýda sişenbe güni geçirilen möhletinden irki saýlawda çepçi partiýalaryň şowsuzlygyndan soň, Ispaniýanyň Sosialist zähmetkeşler partiýasyna degişli käbir deputatlar ykdysady kadalaşmanyň ýagdaýy ters öwürjekdigine ynanýandyklaryny beýan etdiler.

El Mundo: Ispaniýanyň Zähmet ministri Ýolanda Diazyň Podemos partiýasynyň lideri Pablo Iglesiasyň syýasatdan aýryljakdygy barada beren beýanatyndan soň, partiýanyň täze lideri hökmünde garalýar.

TeleSur (Wenesuela): Kolumbiýada howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryň arasynda başdan geçirilen hadysaly gijäniň ýenede biri geçdi. Pereira şäherinde ýene-de 2 demonstrant ýogaldy.

Lenta.ru: Ukraina Russiýany BMG platformasyny öz bähbitlerini ulanmak bilen günäkärledi.

TASS: Bütindünýä Sanjym kongresinde iň gowy Kowid-19 sanjymy hökmünde Moderna kärhanasynyň sanjymy saýlandy.

Gazeta.ru: ABŞ-ly hünärmenler ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda bolmagy ähtimal duşuşygyň, Çehiýa, Islandiýa, Sloweniýa ýa-da Azerbaýjan döwletlereriniň paýtagtlarynyň birinde boljakdygyny pikir edýär.

Ýene degişli makalalar

Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy
'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy
'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy