Formula 1 boýunça tamamlanyp barýan möwsümiň 22-nji ýaryşy ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilip, bäsleşik dürli wakalara baý boldy. 50 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy.
Ol ýaryşy 1 sagat 21 minut 08,429 sekuntda tamamlady.Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasy boýunça-da 69-njy ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.
Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan “McLaren” toparynyň britan sürüjisi Lando Norris bäsleşigi 2-nji orunda, onuň topardaşy, awstraliýaly Oskar Piastri 3-nji orunda tamamlady. Ýöne bäsleşikden soň ulaglaryndaky planka ýitgileri sebäpli düzgüne laýyklykda, olaryň netijeleri hasaba alynmady we iki sürüji-de ýaryşdan çykaryldy.
Netijede, “Mercedes” toparynyň sürüjileri britaniýaly Jorj Rassell bilen italiýaly Kimi Antonelli münberiň 2-3-nji basgançaklaryna çykdylar. “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekleriň 4-nji bolan ýaryşynda, onuň ozalky topardaşy, “Williams” toparynyň ispan sürüjisi 5-nji ýeri eýeledi.
Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, 3 sürüjiniň arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär. Ýöne sanawyň lideri Lando Norrisiň 390 utugy bolup, ol çempionlyga has golaý sürüji, başgaça aýdylanda, britaniýaly pilot çempionlygyň bosagasynda dur. 7 ýaryşdan bäri ýeňşi ýatdan çykaran Oskar Piastri 366 utuk bilen 2-nji ýerde barýar.
Soňky 7 ýaryşyň 4-sinde ýeňiş gazanan Werstappen bolsa utugyny 366-a ýetirip, Piastri bilen deňleşdi.
Möwsümiň 23-nji ýaryşy Kataryň paýtagty Dohanyň golaýyndaky Lusail şäherinde geçiriler. 30-njy noýabrda geçiriljek ýaryşda Norris ýeňiş gazanan ýagdaýynda taryhyndaky ilkinji çempionlygyny baýram eder.