Werstappen ýeňiş gazansa-da, Norris çempion boldy

Formula 1 boýunça 76-njy möwsümiň çempiony iň soňky 24-nji ýaryşda belli boldy.BAE-niň paýtagty Abu-Dabide geçirilen 58 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüji soňky 4 möwsümiň çempiony Maks Werstappen ýeňiş gazandy.

Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 26 minut 7,469 sekuntda tamamlady.Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji, karýerasy boýunça-da 71-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Ýöne bu ýeňiş onuň bassyr 5-nji çempionlygy üçin ýeterlik bolmady.

Sebäbi soňky 10 tapgyrda tijenen Werstappeniň çempion bolmagy üçin sanawyň lideri Lando Norrisiň ýaryşy 4-nji ýa-da ondan pes orunda tamamlamagy gerekdi.Emma “McLaren” toparynyň britan sürüjisi ýaryşy awstraliýaly topardaşy Oskar Piastriden soň 3-nji orunda tamamlady.

Çempionlyk gazanan 35-nji sürüji

Şeýlelikde, Norris möwsümi Werstappenden köp utuk bilen tamamlap, karýerasy boýunça ilkinji çempionlygyny baýram etdi.Norris 423 utuk bilen Werstappenden 2 utuk öňe saýlandy. 26 ýaşyndaky Lando Norris F1-iň taryhynda çempionlyk gazanan 35-nji sürüji boldy. Şol bir wagtyň özünde ol möwsümi çempion tamamlan 11-nji britaniýaly pilot diýlip hasaba alyndy.

Norris karýerasy boýunça 11 ýaryşda (şolaryň 7-si şu möwsümde) ýeňiji boldy. Şeýle-de, “McLaren” toparynyň sürüjileri 13-nji gezek çempionlyk gazandy.

Werstappen yzly-yzyna 5 çempionlyk gazanyp, Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalamakçy bolýardy. Werstappen bolsa 2-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Ol soňky 9 bäsleşigiň 6-synda ýeňiji bolsa-da, bu oňa çempionlyk üçin ýeterlik bolmady.

Ilkinji 15 ýaryşyň 7-sinde ýeňiş gazanyp, köp wagtlap umumy sanawyň birinjiligini özünde saklan Piastri 3-nji orny eýeledi. Ol 410 utuk toplamagy başardy.

4 sürüji ýeňiş gazandy

F1-iň 76-njy möwsüminde jemi 24 ýaryş geçirip, şolarda 4 sürüji ýeňiş gazandy. Şolaryň 8-sinde Maks Werstappen ýeňiji bolsa, “McLaren” toparynyň sürüjileri Lando Norris bilen Oskar Piastri 7 gezek birinji orny eýelediler. “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell bolsa 2 ýaryşy ýeňiş bilen tamamlady. Ýylyň başynda “Ferrari” toparynyň düzümine goşulan Lýuwis Hamilton karýerasy boýunça ilkinji gezek bir möwsümi ýeňişsiz tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
945 günden soň ýeňiş gazandy
Çempionlyga 1 ýaryş galdy
Werstappeniň 70-nji ýeňşi, çempion soňky ýaryşda belli bolar
35 ýyllyk rekord täzelendi