Çempionlyklarynyň başlangyjy

XVII Aziýa Kubogyna tarap

Futbol boýunça Aziýanyň Kubogy ýaryşynyň 8-njisi 1984-nji ýylyň 116-njy dekabry aralygynda Singapurda geçirilýär. Çempionata 10 ýygyndy gatnaşýar.Yklymyň territoriýa babatda iň kiçi döwletleriniň birindäki ýaryşa ýer eýeleri Singapur bilen soňky çempion Kuweýt saýlama oýunlarynda oýnamazdan ýollanma alýar. Öz saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş eden 1-nji toparçadan Eýranyň, Siriýanyň, 2-nji toparçadan Saud Arabystanynyň, BAE-niň, 3-nji toparçadan Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, 4-nji toparçadan Hytaýyň, Kataryň ýygyndylary çempionata wekilçilik edýär.

Duşuşyklar ýurduň Kallang şäherindäki 55 müň orunlyk Milli stadionda oýnalýar.Toparlar “A” we “B” toparçalara bölünip, hersinde 5 ýygyndy çykyş edýär.“A” toparçanyň oýunlaryna ser salsak, oýnalan 10 oýnuň 4-si deňlikde, 5-si 10 hasaby bilen tamamlanýar.

Diňe 1 oýunda 2-den köp gol geçirilýär. 2 oýunda utup, ikisinde-de deňme-deň oýnan Saud Arabystany 1-nji ýeri eýeleýär.Olaryň G.Koreýadyr Katar bilen geçiren oýunlary 11 deňlikde gutarýar.

Siriýadyr Kuweýtdenem 10 hasabynda üstün çykýar.Toparçanyň ýeke-täk 2-den köp goluň geçirilen oýnunda Siriýany 31 utan Kuweýt 5 utuk bilen 2-nji orna mynasyp bolýar.“B” toparçadaky oýunlaryň 2-si deňlikde tamamlanyp, diňe 1 duşuşykda 2 topar hem gol geçirýär.

Beýleki oýunlar 20, 30, hatda 50 hasaplar bilen tamamlanýar.Ilkinji duşuşygynda Eýrandan 20 utulan Hytaý, soňra şol hasap bilen ýer eýelerini ýeňýär.Olar soňky 2 duşuşygynda-da 8 gol geçirýär.

Hindistany 30, BAE-ni hem 50 hasaby bilen ýeňen Hytaý toparçada 1-nji orny eýeleýär. 2 oýunda ýeňiş gazanyp, 2-sinde-de deňme-deň oýnan Eýranyň ýygyndysy hytaýlylar bilen birmeňzeş utuk toplaýar.Ýarym finalda Saud Arabystany bilen Eýranyň hem-de Hytaý bilen Kuweýtiň ýygyndylary duşuşýar.

Iki oýunda-da esasy wagtda ýeňiş gazanylmaýar.Saud Arabystany-Eýran oýnunda ýeňijini penalti urgulary kesgitleýär. 43-nji minutda Şahroh Baýani bilen öňe saýlanan Eýran 88-nji minutda toruna gol goýberýär.

Ol goly-da öz oýunçylaryndan Şahin Baýani ýalňyşlyk bilen geçirýär.Penaltilerde-de 54 artykmaçlyk gazanan araplar ilkinji gezek finala çykýar.Bu olaryň yzly-yzyna geçirjek 5-nji finalynyň ilkinjisi bolýar.

Beýleki ýarym finalda-da Hytaý mundan 4 ýyl öňki ýaryşyň ýeňijisi Kuweýti Li Huaýunyň108-nji minutdaky goly bilen 10 hasabynda utýar.16-njy dekabrda ilkinji nobatda 3-nji ýer üçin duşuşyk geçirilýär. 1976-njy ýylyň ýaryşynda finalda, 4 ýyl öňki bäsleşikde-de ýarym finalda gabatlaşan Eýran bilen Kuweýtiň arasyndaky bu oýnuň esasy wagty 11 deňlikde gutarýar. 26-njy minutda Al-Haddadi bilen öňe saýlanan Kuweýtiň torundan hasaby deňlän goly 80-nji minutda Mohammadhani geçirýär.

Ahyrynda-da penaltilerde 53 hasabynda ýeňiş gazanan Kuweýt bu gezek bürünç medal bilen kanagatlanmaly bolýar.Ýaponiýaly Şizuo Takadanyň jürlewük çalan oýnuna 26 müň janköýer tomaşa edýär.Ilkinji gezek finala çykan 2 toparyň Saud Arabystany bilen Hytaýyň arasyndaky bu finalda araplar turuwbaşdan şowly oýun görkezýär.

Her ýarymyň başynda geçiren 2 goly Saud Arabystanyna ilkinji çempionlygyny gazandyrýar.Gollary 10-njy minutda Al-Nafisah, 46-njy minutda-da Majed Hamed Abudullah derwezä girizýär. Şeýlelikde, 20 hasabynda üstün çykan Saud Arabystanynyň ýygyndysy 8-nji gezek geçirilen Aziýanyň Kubogy ýaryşynda çempionlyk gazanan 5-nji topar bolýar.24 oýunda 44 gol geçirilýä.

Olary 34 futbolçy derwezä girizýär. 3 gol salan 3 futbolçy Szýa Sýusýuan, Şahroh Baýani, Nasser Mohammadhani çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçylary bolýar.Ilkinji gezek gowşurylan iň gymmat oýunçy baýragyny hytaýly Szýa Sýusýuan eýeleýär.“A” TOPARÇA: KatarSiriýa: 11, S.

ArabystanyG.Koreýa: 11, KuweýtKatar: 10, SiriýaS.Arabystany: 01, G.KoreýaKuweýt: 00, SiriýaG.Koreýa: 10, KatarS.Arabystany: 11, KuweýtSiriýa: 31, G.Koreýa-Katar: 01, KuweýtS.

Arabystany: 01; “B” TOPARÇA: EýranBAE: 30, SingapurHindistan: 20, EýranHytaý: 20, BAEHindistan: 20, SingapurHytaý: 02, EýranHindistan: 00, SingapurBAE: 01, HytaýHindistan: 30, SingapurEýran: 11, HytaýBAE: 50; ÝARYM FINAL: S.ArabystanyEýran: 11 (54 p), HytaýKuweýt: 10 (g.w.); 3-nji ÝER ÜÇIN: EýranKuweýt: 11 (35 p); FINAL: S.

ArabystanyHytaý: 20.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy
Woleýbolçy Gyzlar Finalda…
Woleýbolçy Gyzlar Ýarym Finalda Italiýa Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Ýarym Finalda…
Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finalda Polşa Bilen Bäsleşer
Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy