Çepçi dalaşgäriň ilkinji ýeňşi

19-njy iýunda Kolumbiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda birleşen çepçi güýçleriň dalaşgäri Gustawo Petro ýeňiş gazandy. Milli saýlaw geňeşiniň maglumatlaryna görä, sosialistik koalisiýadan “Taryhy şertnamanyň” dalaşgäri Gustawo Petro 50,44% ses alyp, Kolumbiýanyň täze Prezidenti boldy.

Onuň bäsdeşi Rodolfo Ernandes 47,31% ses aldy. Petronyň ýeňşi bilen ýurtdaky häkimiýet taryhda ilkinji gezek çepçi syýasy güýçleriň ygtyýaryna geçer. Mundan ozal üç gezek saýlawlara gatnaşan Gustawo Petro ykdysatçy, senator we paýtagtyň häkimi ýaly wezipelerde işläpdi.

Argentina, Meksika, Boliwiýa, Wenesuela, Gonduras, Nikaragua, Çili, Kuba we ABŞ-nyň Prezidentleri Kolumbiýanyň sosialistleriniň wekilini taryhy ýeňşi bilen gutladylar.Häzirki döwlet Baştutany Iwan Duke hem Gustawo Petronyň ýeňşini ykrar etdi we häkimiýeti geçirmek prosesini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Saýlanan Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasy 7-nji awgusta bellenildi.Saýlaw kampaniýasy döwründe Petro saýlawçylara daşky gurşaw meselelerine üns bermegi, ýurduň azyk önümlerine garaşlylygyny azaltmagy we ýerli öndürijileri goldamagy we bilime goýberilýän çykdajylary ýokarlandyrmagy wada berdi. Şeýle hem, Petro käbir ýurtlar bilen kesilen diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmek we ABŞ bilen erkin söwda şertnamasynyň şertlerini üýtgetmek barada pikirini birnäçe gezek mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Petro Trampa “Meni tankyt etmekden ýüz öwür” diýdi
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Kolumbiýada Israýıla Kömür Eksport Edilmegi Gadagan Edildi
Petro Deňizçileri Ysraýyla Kömür Ganatmagy Bes Etmäge Çagyrdy
Kolumbiýada mekdep awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde 17 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy