Çeper eserleri okamagyň 10 peýdasy

Eýsem, siz okamagy halaýarsyňyzmy? Ýogsa-da, siz günüň dowamynda azajyk hem bolsa, çeper edebiýaty okaýarsyňyzmy? Eger-de okamaýan bolsaňyz, haýp, çünki şeýtmek bilen siz akyl we ruhy taýdan köp zady ýitirýärsiňiz. Alymlar okamagyň adama köp sanly inkär edip bolmajak peýdalary getirýändigini birwagtlar subut etdiler. Kitap okamak:

Aňy ösdürýär. Alymlaryň geçiren köp sanly barlaglarynda adam beýnisiniň çeper edebiýat bilen yzygiderli meşgullanmagynyň huşsuzlyk ýa-da alsgeýmer ýaly keselleriň döremek howpuny ep-esli azaldýandygy ýüze çykaryldy. Beýni hem güýçli we sagdyn bolmak üçin beýleki myşsalar ýaly türgenleşige mätäçdir.

Stresi aýyrýar. Stresi başdan geçirýän bolsaňyz, hekaýa okap başlanyňyzdan soň, ondaky wakalara imrinip, stresiň aradan aýrylyp, bedeniňiziň rahatlanandygyny duýarsyňyz.

Bilimiňi artdyrýar. Islendik kitap okyja täze bilimleri getirýär, üstesine-de bilim arkaly islendik synaglara hötde gelip bilersiňiz.

Söz baýlygyňy artdyrýar. Siziň söz baýlygyňyz her bir täze kitap bilen artýar. Näçe köp okasaňyz, şonça-da manyly we sypaýy gürlärsiňiz. Bu bolsa öz gezeginde, özüňize bolan ynamyňyzyň artmagyna goşant goşýar we durmuşda üstünlik gazanmagyňyza sebäp bolýar.

Ýadyňy gowulandyrýar. Bir romany okap, wakalary yzarlaýarkaň, köp sanly gahrymanlary, olaryň başdan geçiren wakalaryny, duýgularyny we başga-da köp-köp jikme-jiklikleri ýatda saklarsyňyz.

Seljeriş endikleriňi ösdürýär. Okyjy, köplenç, detektiw romany okaýarka, kitaby heniz doly okap gutarmanka, ondaky esasy syry açýar. Bu bolsa öz gezeginde kitapdaky maglumatlar özleşdirilende, seljeriş ukybyňy artdyrýar. Haçan-da kitapdaky maglumatlary we wakalary aňyňa siňdireniňde, kitaba bolan garaýyşlar we bellikler ýüze çykýar.

Ünsüňi güýçlendirýär. Kitap okanynda okyjynyň ähli ünsi hekaýa gönükýär, daşardaky wakalary bolsa unudýar. Irden ýolda biraz kitap okasaňyz, işde ünsüňizi jemlemek aňsat bolar.

Ýazuw endigiňi ýokarlandyrýar. Söz baýlygyňyzyň artmagy bilen bir wagtda, ýazuw endikleriňiz hem kämilleşer, sebäbi gowy ýazylan eser has gowy ýazmaga ruhlandyrýar.

Rahatlandyrýar. Kitap okamak bilen dynç alýarsyňyz, çünki okaýan zatlaryňyz içki rahatlyk duýgusyny artdyrýar.

Ýakymly duýgulara besleýär. Kitaplaryň güýmenje çeşmesi hiç wagt gutarmaýar, olar elmydama ýakymly duýgulara besleýär.

Ýene degişli makalalar

Dil öwretmäge täzeçil çemeleşilýär
Kadaly uklaýaryn…
25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kelle agyrysyna tebigy bejergiler…
Aşgabadyň öýe eltip bermek hyzmaty bilen çörek bişirýän ýerleri
Aşgabatda täze “Eyvan” kafesi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar