Dil öwretmäge täzeçil çemeleşilýär

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek ýurdumyzda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem ýaş hünärmenleriň biliminiň, başarnygynyň ýokary derejede bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir diýip parasatlylyk bilen belleýär.

Häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap, ýokary hilli bilim-terbiýe almagy, akyl, ruhy taýdan ösen we kämil şahsyýetler hem-de ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim portallary üstünlikli hereket edýär.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlaryň kömegi bilen, sapaklaryň iňlis dilinde guralmagy talyplara häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýokary bilim bermäge mümkinçilik döredýär.Diňe daşary ýurt dilini öwretmekde ösen tehnologiýalardan peýdalanylmagy däl-de, eýsem, ýurdumyzyň halkara derejeli birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ähli dersleriň iňlis dilinde okadylmagy talyplaryň daşary ýurt dillerinde erkin gepläp bilmeklerine ýardam edýär.

Munuň üçin talyplar degişli okuw mekdebiniň dil öwreniş bölüminde bir ýyl taýýarlyk okuwyny geçýärler.Bu bölümde talyplar iňlis dilinde okamak, ýazmak, diňlemek, geplemek endiklerini ele alýarlar, şeýle hem öz saýlan hünärlerine degişli adalgalary, durnukly söz düzümlerini özleşdirýärler.

Häzirki zaman ýaşlary tehnologiýalaryň we aragatnaşyk serişdeleriniň ösen döwründe ýaşaýarlar, bilim alýarlar.Internet, el telefonlary, kompýuterler ýaşaýşyň ähli ugurlaryna aralaşdy.Bilim ulgamynda hem döwür bilen aýakdaş gitmek, ýaşlaryň okuwa bolan höwesini we bilesigelijiligini artdyrmak üçin dürli usullardan peýdalanylýar.

Daşary ýurt dilinde geplemegi öwrenmek üçin, ilki bilen, sözleýiş işjeňliginiň ähli görnüşlerini (geplemek, okamak, ýazmak) paýhasly ulanyp, bu diliň söz baýlygyny özleşdirmeli.Daşary ýurt dillerini tiz wagtda öwrenmek adamyň köp mukdarda täze sözleri ýatda saklap bilýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Daşary ýurt sözlerini ýatda saklamak usulyny özleşdirmek dili öwrenmäge we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şonuň üçin häzirki wagtda dil öwretmekde her bir talybyň aýratyn ukyplarynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, ýat tutmak usullaryny saýlamak we dogry ulanmak möhümdir.

Beýni janly, aýdyň, täsirli we özüne çekiji maglumatlary has gowy özleşdirýär.

Diýmek, ýatda saklamak isleýän maglumatlarymyzy beýnimiz üçin gyzykly etmeli.Islendik ýat tutmak usulyny üstünlikli ulanmak üçin peýdaly zatlary tapmaly we dogry maksat goýmaly. Ýat tutmak usullary zerur maglumatlary has gowy özleşdirmäge we beýnimizi türgenleşdirmäge kömek edýär.

Daşary ýurt sözlerini ýatda saklamagyň 20-den gowrak usuly bar.Ylmy edebiýatlarda bu usullaryň hemmesine aýratyn seredilýär.Iň esasy zat, sözleri ýatda saklamak we daşary ýurt dilinde sözleýşi ösdürmekdir.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi barada tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary, uly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jeren ORAZDURDYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym
Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige
Bagtyýarlyk baharynyň waspy
Aşgabatly zenan ýüzärlik telekeçiligini gurady
Milli medeniýetimiz umumadamzat gymmatlygydyr
Türk Ližaçylary Pekine Gitdi