“Çeper” tikin fabriginiň önümlerine isleg artýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma pudagy çalt depginler bilen ösýär.Täze dokma toplumlary bina edilýär, önüm öndürilişiniň mukdary artýar.Türkmenistan uly mukdardaky tebigy-çig mal serişdelerine eýedir.

Olaryň biri-de, bereketli türkmen topragynda kemala gelýän ak altyndyr. Ýurdumyzyň öz çig malynyň pagtanyň bol bolmagy dokma senagatyny ýokary depginde ösdürmek üçin ähli amatly şertleri döredýär.Netijede bolsa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dürli görnüşli nah ýüplükleriň, nah matalaryň, trikotaž matalaryň, taýýar tikin-trikotaž önümleriniň öndürilişi görnetin artdy.

Bu önümlere isleg bolsa ýyl-ýyldan artýar. Şu ýerde, käbir mysallara salgylansak ýerlikli bolar.Daşoguz “Çeper” tikin fabriginde tikilýän önümlere islegler birnäçe esse artdy. Şu ýylyň on aýynda fabrikde bahasy 18 million 331 müň manatlyk önüm öndürildi.

Meýilnama 139,3% göterim ýerine ýetirildi.Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,7% göterim ýerine ýetirilen.

Pudakda şeýle ösüşlere eýe bolunmagynda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary tikin maşynlar bilen doly enjamlaşdyrylmagyň ähmiýeti uludyr.Fabrigiň eli çeper tikinçileri öndürülýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy üçin gaýratly zähmet çekýärler.

Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär.Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite eşikler tikilýär. Şeýle hem hassahana geýimleri, aşpezler üçin eşikler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk, olaryň daşlyklary, halatlar işçi geýimleri tikilýär.

Fabrikde tikilýän önümleriň çig malyny esasan Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlary üpjün edýärler.Bu dokma toplumlary tarapyndan öndürülýän matalar özleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.Olar ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylynyň önümi bolup, hil taýdan ähli talaplara laýyk gelýär.

Fabrigiň işgärleri işlemäge, medeniýetli dynç almaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw edip, ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek üçin depginlerini gowşatman, yhlasly zähmet çekýärler.

Haltäç Bäşimowa, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Ýeňiş tikin kärhanasynda okuwçylar üçin lybaslar öndürilýär
“Ýeňiş” tikin fabrigi 19,5 million manatlyk önüm öndürdi
Ferrari moda egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy