Ýeňiş tikin kärhanasynda okuwçylar üçin lybaslar öndürilýär

Ýeňiş tikin kärhanasynda okuwçylar üçin lybaslar öndürilýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki Ýeňiş tikin kärhanasynda 2022 ― 2023-nji okuw ýylynyň golaýlamagy bilen okuwçylaryň köýnekleriniň, şol sanda orta mekdeplerde okaýan gyzlaryň zähmet sapagynda ýörite geýýän halatlarynyň hem önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Şeýle hem tikinçiler halkymyzyň ösen islegini nazara almak bilen, erkek adamlara, uly we kiçi ýaşly oglanlara niýetlenilen döwrebap köýnekleri tikýärler. Kärhananyň eli çeper, kärine ussat zenanlarynyň uly mähir, yhlas, zähmet siňdirip tikýän dürli ölçegdäki köýneklerinde we halatlarynda bada-bat gözüň eglenýär. Önümleriň biçüw aýratynlygy, owadanlygy hem-de göze gelüwliligi her bir adamyň ünsüni özüne çekýär.

Kärhanada ýylyň başyndan bäri 19 million million 548 müň 422 manatlyk ýokary hilli harytlyk önüm öndürilipdir.Kärhana gerek bolan dürli reňkli matalar Ruhabat dokma toplumyndan getirilýär.Garyşyk we arassa pagtadan dokalan matalardan taýýarlanylýan dürli ölçegdäki köýnekler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Tikinçiler halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, her paslyň özüne mahsus bolan köýneklerini önümçilige goýbermäge hem aýratyn üns berýärler.Kärhanada erkek adamlar, çagalar üçin tikilýän köýnekler bilen birlik-de, ýörite buýurmalara laýyklykda, harby gullukçylar üçin jalbarlar we köýnekler hem tikilýär. Ýokary tehnologiýaly tikin enjamlarynda tikilip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan birjigem kem bolmadyk köýnekler, beýleki harytlar kärhananyň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki we Mary şäherindäki ýörite dükanlarynyň hem-de mekdep bazarlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär. Öndürijilikli işleýän kärhananyň öndürýän dokma önümlerine dünýä bazarlarynda-da uly isleg bildirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi
“Ýeňiş” tikin fabrigi 19,5 million manatlyk önüm öndürdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“Çeper” tikin fabriginiň önümlerine isleg artýar
“Ton Tik” eksport hyzmatdaşlygyna çagyrýar