Çeperçilik akademiýasyndaky sergi: külallyk eserleriniň we gözel pursatlaryň sazlaşygy

Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda tanymal keramikaçy Solmaz Muhammedowanyň, şeýle hem fotonakgaş we kolleksioner Muhammet Amanmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan köpugurly sergi açyldy.

Akademiýanyň mugallymy, Türkmenistanyň halk nakgaşy 65 ýaş toýuny belleýän Solmaz Muhammedowanyň üýtgeşik we nepis eserleri sergä bezeg berýär. Onuň zehinine sarpa goýýanlar ussady ýaş toýy bilen gutlamaga we ýene bir gezek nepis keramika eserlerini synlamakdan lezzet almaga, şeýle hem Solmazyň zehininiň ýene bir ugry-žiwopis eserleri bilen tanyşmaga geldiler.

Kiçi görnüşli heýkelleriň arasynda münberiň“ üstünde başyny belent tutup, gadam urýan inçebil bedewlerimiziň şekili göreniň ünsüni özüne çekýär. Onuň gurluş sazlaşygy, ýiti reňkleri, bezelişi we ýordumly suratlary bu sungat eseriniň inçelik bilen çeper beýan edilinşine şaýatlyk edýär.

Toýundan ýasalan gyzjagazlaryň dördüsiniň sekili-de saýry gelýär. Olaryň bir ýürekden ýylgyrsa, beýlekisi geň galýar, üçünjisi aladaly, dördünjisi gussaly... Hakyky ussadyň elinde şykgynyň hem heýkelde olaryň ruhy ýagdaýyny beýan edişine haýran galýarsyň.

Solmaz Muhammedowanyň ady tutulsa, ozaly bilen özboluşly güldanlar, nepis küýzeler we gaplar göz öňüne gelýär.Solmaz döredijik ýyllarynda haýran galdyryşy şol eserleriň ençemesini döretdi welin, olara ylhamy nireden alýarka?!

diýýärsiň. Ýubileý sergisinde höwürtge görnüşli gaplardan düzülen kompozisiýa, gül-pürçege bürenen miweli baglar çekilen güldany we türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini wasp edýän tanymal Gelinler“ güldany goýlupdyr, nakgaş bu eseriüçin 1983-nji ýylda Italiýanyň iň ýokary sylagyna mynasyp bolupdy, sergide onuň beýleki ajaýyp eserleriniň-de ençemesi bar.

Solmazyň esasan güllere bagyşlanan žiwopis suratlary sergini görmäge gelenleriň köpüsi üçin täzelik boldy.Çigildemler, gerberler, bägüller, liliýalar... ýaly ýumşak we sazlaşykly reňklerde nepis we sypaýy usulda berlen näzikden şahyrana gülleriň keşbi-görki tomaşaçylaryň ünsüni awtoryň kompizisiýa gurluşyna we reňkleriň ýerliligine çekip, olary pikir ummanyna atarýar...

Fotosuratlar sergisi Muhammet Amanmämmedowyň döredijiligi bilen tanyşdyrdy. Bilimi boýunça matematikaçy bolsa-da, ol surat düşürmäge, syýahata we kolleksiýa toplamaga höwesek. Sergide onuň işleriniň 310-sy goýlupdyr. Olara garanyňda: Muhammediň baryp görmedik ýeri bir barmyka!“ diýeniňi duýman galýarsyň.

Muhammediň suratlarynda diňe bir tebigat gözelligi däl, eýsem adamlaryň köňül duýgularyny beýan edýän suratlar-da kän. Üýtgeşik görnüşde alnan adaty zatlaryň suraty awtoryň pelsepewei garaýşyna, pursatlaryň özenini tutup bilşine şaýatlyk edýär.

Muhammet:

-Men obada doglup, kemala geldim. Belki, şonuň üçindir men adaty düýe howudynda inženerçilik diplomy bolmasa-da, eneçeme asyr mundan ozal pederlerimiziň döreden üýtgeşik agaç enjamy görýän—diýip gürrüň berýär.

Isle radio, çap maşyny ýa-da ýönekeý çot bolsun—tapawudy ýok, olaryň aýratyn özüne çekijiligi bar. Bir döwürlerde adamlaryň döreden bu enjamlary ýerine häzirki zaman enjamlary gelinçe uzak wagtlap olara hyzmat edipdi. Şeýle zatlaryň hersiniň öz taryhy bar.

Muhammet Amanmämmedow üýtgeşik zatlaryň ençemsini toplapdyr, olaryň 20-si --patefon, peroly we syýadanly agaç galam , 1950-nji ýylyň telefon kommutatory we beýlekileri Retro“ bölüminde goýlupdyr, olar bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Sergide şeýle hem Muhammet Amanmämmedowyň ýygnan türkmen žiwopisiniň halyplarynyň eserleri-de goýlupdyr. Onuň şahsy kolleksiýasynda ussatlaryň döreden suratlarynyň 40-sy bar. Olar milli çeperçilik sungatyna ägirt uly goşant goşan Yzzat Gylyjow, Aýhan Hajyýew, Durdy Baýramow, Gennadiý we Stanislaw Babikowlar, Wladimir Pawloskiý ýaly beýleki nakgaşlaryň işleridir.

Ýene degişli makalalar

Zehinler zehinler hakda: baýramçylyga bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli sergi gurnaldy
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar
Türkmen žiwopisçileriniň eserlerinde hasyl baýramynyň waspy
Aşgabatda "Gahrymançylyk unudylmazdyr" atly ýatlama agşamy geçirildi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisiniň Annotasiýasy.