Türkmen keramikaçylarynyň işleriniň sergisi

Gülýara Babaýewanyň, Baýram we Bahar Annagulyýewleriň güýçli eserleriniň 250-si görkezilen türkmen keramikaçy-nakgaşlarynyň işleriniň sergisi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda uly gyzyklanma döreden waka boldy.

Soňky onýyllykda sungatyň bu görnüşi çalt depginlerde ösýär. Öz döredijilik mekdebini döreden Solmaz Muhammedowa we Maral Ataýewa ýaly ussat keramikaçy nakgaşlar bilen bir hatarda eýýäm şägirtleri bolan Dilber Umarowa we Gülýara Babaýewa ýaly zehini ýiti ussatlar hem peýda boldy.

Serginiň guramaçylary awtorlaryň hersiniň işlerini aýry-aýry goýmandyrlar-da, olary temasyna görä bölüpdirler. Sergä köp adam geldi, olar täsiri güýçli eserler şeýle bir kän bolansoň her ädimde aýak çekip, her bir esere haýran galyp syn edýärdiler.

-Toýunyň öz jadysy bar, oňa eliň degenden täze bir eser döreýänçä, ol seni goýbermeýär, diýip Gülýara gürrüň berýär.

Bir gysym toýunda geljekki işiň manzaryny, gahrymanyň häsiýetini syzmak köp babatda zenan maşgala berlenmikä diýýärin. Ussat keramikaçy hyýalyndakyny toýunda beýan edip bilýän, asynda duýgur, fantaziýasy baý we juda janypkeş adam bolmaly. Ruhy babatda ekletiki we manysy boýunça estetika baý Baýram Annagulyýewiň döredijiligi hem şol kysmylardan, ol barada birneme soňrak gürrüň ederis.

Men Gülýara Babaýewanyň iň güýçli işi öte üýtgeşik “Üç jora” eserimikä diýýärin. Olaryň aşa süýnmek, lälik, gedem keşbi dürli nysaklara höwesek, käte bir-birine basdaş zenanlardygyny görkezýär. Olar şeýle bir üýtgeşik özboluşly şekillendirilipdir welin, hakydaňda müdimi galaýýar.

Gülýara Babaýewa gülküni gowy görýänlerden bolmaly, ýogsa onuň “Pyşdyl münen Ýartykgulak” eseri peýda bolmazdy. Ýartygulak üçin pyşdyl amatly ulag, tizligi babatda welin... Ýöne eser welin, üýtgeşik çykypdyr.

Onuň beýleki özboluşly işlerinden biri deňiz düýbünden çykarylan böwri deşik küýze, ondan tylla teňňeler dökülip dur, -- bu işe ussat “Salgym” diýip at beripdir. Ýa bolmasa, “Futbol oýnaýan Japbaklar” işini alyp göreliň. Milletiň hakydasynda galan wäşi doganlar meýdandaky pökgä “siňňin” syn edýärler. Bu doganlaryň durmuşynda üýtgeşik waka bolmaly.

Gülýärä filosofik manyly eserleri döretmegiňem ussady. Meselem, “Dowamat dowam” işinde bir böwri deşik küýzäniň içinde çagajyk otyr. Gülýara Babaýewa gadymy gaby çagaly ene göwresine meňzeş hasaplaýar. Küýzäniň agzyna daňylan alaja şeýle pikir döredýär. Çagalaryny gözden-dilden goramak üçin eneler alaja örýär ahyry.

“Aşyk tawuslar” işi beýleki bi keramikaçy Bahar Annagulyýewanyň esasy tanalýan eseri. Söýgi şahyranalygyny beýan edýän owadan guşlar özüne maýyl edip, ýadyňda galýar, tomaşaçylaryň ünsüni awtoryň döredijiligine çekýär.

Zenan maşgala Baharyň eserleriniň baş gahrymany. Onuň dört zenan şekilinden ybarat “Tansçylar” atly çeper işinde ylham we millilik duýulýar. “Türkmen gyzlary” işi bolsa, gahrymanlaryň häsiýetini açyp görkezýär.

Baharyň “Beýik Ýüpek ýoly” kompozisiýasynda gymmatly haryt urlan üç düýe uç-gyraksyz Garagumdan alys ýurtlara rowana bolup, surnukdyryjy ýola döz gelýär.

Onuň “Ýorgan ýapynan oglanjyklar” eseri has üýtgeşik çykypdyr. Çagalary ýatyryp, olara keramiki ýorgan ýapmak nirden kelläňe geldi diýsene!

Baýram Annagulyýewiň “Üç aždarha” işi has şowly çykypdyr diýip hasaplaýaryn. Belki, her bir keramikaçy küýzäniň pederlerimiziň durmuşyndaky ähmiýeti barada oýlanýan bolsa gerek. Baýram hem bu temadan filosofik pikirini böwründe türkmen zenanynyň keşbi we arka ýerleşdirilen küýzede beýan edipdir.

Manzar çekilen boýny uzyn ikigat küýze “Gadymy Merw” diýlip atlandyrylypdyr, onda marguşlylaryň, dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyran pederlerimiziň durmuşynyň şanly sahypalary barada gürrüň berilýär.

Çigildem çekilen küýze Baýram Annagulyýewiň döredijiliginde gülleriň hem orun tutýandygyny görkezýär. Onuň “Kaktus” we “”Çyrpynjaňly kompozisiýa” eserleri hem manzarlarynyň özboluşly açylyp görkezilişi bilen tapawutlanýar.

-Sergi meni haýran etdi, -diýip lebaply keramikaçy Dilber Umarowa gürrüň berýär,-- täzeçil pikirleriň, temalaryň, çeper tilsimleriň, gör, näçesi duşýar! Işlerde nakgaşlaryň döredijiliginiň nepisligi, täsirliligi we hemişe ösüş ýolundadygy duýulýar, olar saňa ylham berýär.

Ýene degişli makalalar

06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar