Çeşme: Howpsuzlyk Aşgabatdan Moskwa uçar gatnawynyň ýatyrmagynyň ýeke-täk sebäbi däl

Çeşme: Howpsuzlyk Aşgabatdan Moskwa uçar gatnawynyň ýatyrmagynyň ýeke-täk sebäbi däl

Moskwa göni uçar gatnawlaryň ýatyrylmagy Russiýa gidýän ýolagçylar üçin uly transport we maliýe kynçylyklaryny döretdi. Türkmen raýatlary indi barmaly ýerine Tatarstanyň paýtagty arkaly ýetmäge mejbur bolýarlar. "Türkmenistan howa ýollary" uçarlaryň ýatyrylmagynyň Moskwanyň howa ýagdaýy bilen düşündiren bolsa, Azatlykyň çeşmesi munuň başga sebäpleriniň bardygyny aýdýar.

Aşgabat hyzmat tölegleri sebäpli Moskwa gatnawlaryny ýatyrdy diýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar. Ygtybarly bir çeşmä görä, türkmen tarapy tölegleriň manatda ýa-da rublda bolmagyna garaşýar.

"Türkmenistan Domodedowo howa menziline dollar tölemek islemeýär we manat tölegine garaşýar. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda hasaplaşygyň ýakyn wagtda manatda ýa-da rublda bolmagyna garaşylýar. Gazanda uçar hyzmatlary has arzan düşýär" - diýip çeşme aýdýar.

Azatlyk bu maglumatlary "Türkmen howa ýollarynyň" wekillerinden resmi taýdan tassyklap bilmedi.

Soňky bir ýylda Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlary Russiýa bilen özara hasaplaşyklaryny rubla geçirdi, muňa Orsýet Federasiýasynyň Ukraina garşy ýaragly agreessiýasynyň netijesinde halkara SWIFT ulgamyndan kesilmegi sebäp boldy. Türkmenistanyň häkimiýetleri Orsýet bilen öz milli pullarynda hasaplaşmak planyny resmi taýdan yglan etmändiler.

Çeşmelere görä, muňa garamazdan, türkmen telekeçileri hem hasaplaşyklaryň milli walýutalarda boljagyna garaşýarlar. "Käbir satyjylar özleriniň habarlydygyny we ýurtlaryň arasynda manatda hem rublda hasaplaşyga geçilmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar" - diýip çeşme aýtdy.

Awgust aýynyň başyndan bäri "Türkmen howaýollary" Russiýa uçarlaryny diňe Aşgabat-Gazan-Aşgabat ugry boýunça gatnadýar. Awiakompaniýa 1-nji awgustda "Moskwanyň howa zonasyndaky howa ýagdaýy, şeýle hem uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça töwekgelçilige berlen baha esasynda" Moskwa uçar gatnawlaryny ýatyrýandygyny yglan edipdi. Bu Russiýanyň paýtagtynda pilotsyz uçarlaryň eden hüjümleriniň yzýanyna gabat geldi.

Indi, "Türkmenistan howa ýollarynyň" uçarlary bilen Aşgabatdan Moskwa gitmek üçin Gazana uçmaly, soňra ýerli awiakompaniýalaryň uçarlaryny ýa-da gury ýer ulaglaryny ulanmaly.

"Ýolagçylar Gazana gelenlerinde, Moskwa alyp gitmek üçin wada berlen awtobuslar olar üçin görgä öwrüldi. Awtobuslardaky ýerleriň sany gelenleriň sanyndan has az. Adatça uçarlarda 170-180 adam bolýar. Adamlar awtobuslara hüjüm edýärler. Köpler Moskwa aşmak üçin mümkinçiligi özleri gözlemeli bolýarlar "- diýip, Azatlygyň habarçysy şu aýyň başynda Aşgabatdan Orsýete giden türkmen raýatlaryna salgylandy.

9-njy awgustda türkmen awiakompaniýasy 8-nji awgustdan başlap ýolagçylaryny Moskwanyň Domodedowo aeroportunyň we Gazanyň aeroportunyň arasynda gatnatmagyny bes edýändigini, şeýlelikde ýolagçylaryň Moskwadan Gazanyň howa menziline özbaşdak barmalydygyny habar berdi.

Şeýle hem, “Türkmen howaýollary” öz web sahypasynda, ýolagçylaryň Moskwadan uçmak üçin satyn alnan howa biletlerinde görkezilen senesine görä, Gazandan uçup bilýändigini mälim etdi. 15-nji awgustda awiakompaniýanyň web sahypasynda Aşgabat - Gazan marşrutynda 1-nji we 20-nji sentýabr aralygynda uçarlardaky ýerlere goşmaça bilet satylýandygy barada habar peýda boldy.

Emma bileti onlaýn satyn almak synanyşygy başa barmady.Wada berlen seneler üçin bilet gözlegi "bu döwür üçin uçar tapylmady" diýlen netije berýär.

Bu aralykda Aşgabatdaky kassada hem ýakyn aýlara Gazana bilet ýok. 15-nji awgustda Azatlygyň habarçysy Aşgabatdaky bölümlerde oktýabr aýyna çenli biletiniň ýokdugyny habar berdi: “Penşenbe güni başlyk baranlary kabul edýär.

Gazana bilet satyn almak ýa-da satyn alnan biletleriň senesini soňa geçirmek isleýän adamlaryň nobaty uly, köpüsi üstünden pul goşup bermäge-de razy.Adamlar wagt ýitirýärler, hemmä ýok diýilýär.

Russiýa Federasiýasyna wiza alan talyplar hem gidip bilmeýärler" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Aşgabatdan Gazana gatnaýan uçarlara bilet satyn almak islegi, türkmen awiakompaniýasynyň Moskwa uçuşlaryny Tatarstanyň paýtagtyna geçirensoň hasam artypdyr. Islegler Aşgabatdan Moskwa göni uçuşlary indi ýeke-täk amala aşyrýan Russiýanyň "S7" awiakompaniýasynyň biletlerine hem artdy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, indi bir taraplaýyn bilet ortaça 1000 dollara durýar.Köpler Orsýete barmak üçin başga aýlaw ýollaryny gözleýärler. "Buhara we Daşkent arkaly Russiýa Federasiýasyna we beýleki ugurlara gitmek üçin raýatlar Özbegistana ugraýarlar.

Iýun aýynda Alma-Ata uçuşlary duýdansyz ýatyryldy we bu barada ýolagçylar howa menziline baransoň bilip galdylar, Olara hatda jaň hem edilmedi we duýduryş berilmedi" - diýip, habarçy belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Moskwa barýan uçarlara bilet gytçylygy döredi
Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok
Diňle: Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok
Gündogar sebitde senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň möçberi 7168,2 million manada barabar boldy
Netanýahu: "Rafaha garşy gury ýer hüjüminiň senesi kesgitlendi" diýdi
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär