Çeşme: Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýaty saklanýar

Çeşme: Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýaty saklanýar

Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň bikanun migrantlara garşy giň gerimli reýdleri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmeleri reýdlerde esasan erkek adamlaryň nyşana alynýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýatynyň saklanýandygyny habar berýärler.

“Metrobuslardan, awtobuslardan düşeniňde, türk polisiýasy dessine bir ýerden tapylýar we resminamalary barlaýar. Olar öýlere, zawodlara, fabriklere, hatda türkmenleriň toý dabaralaryny geçirýän ýerlerine hem aýlanýarlar” diýip, Stambuldaky çeşmämiz aýtdy.

Reýdlerde esasan erkek adamlar nyşana alnyp, türk polisiýasy aýal-gyzlary saklap, olaryň resminamalarynyň düzüwdigini ýa däldigini o diýen köp barlamaýar.

“Häzir Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan azyndan 1 müň 500 türkmen raýatynyň takmynan 97%-i erkekler bolup, diňe 3%-i aýal-gyzlardyr. Tussag etmeler dowam edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyga bu maglumaty türk migrasiýa edarasyna tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada redaksiýamyzyň edaranyň Stambulyň Siliwri we Tuzla sebitlerindäki deportasiýa merkezleri bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije tapmady.

Çeşmelerimiz Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen raýatlarynyň aglabasynyň Türkmenistana gitmejekdigi barada arza ýazýandygyny hem habar berýärler.

“Türk hökümeti arza ýazanlaryň aglabasyny Türkmenistana deport etmeýär ekeni. Olar bir ýyl töweregi tussaglykda saklanyp, soňra Türkiýede galmak üçin boşadylýar ekeni. Şol sebäpli köp türkmen raýaty Türkmenistana gitmejek bolup, yzly-yzyna arza ýazýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Türk häkimiýetleri, Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täzeden prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Bu waka, Erdoganyň öz saýlaw kampaniýasynyň dowamynda “tertipsiz, bikanun migrasiýany nol derejä çenli azaltmagy” wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bellesek, soňky ýyllarda Türkiýede zähmet, şol sanda bikanun migrantlaryň sanynyň we olar bilen ilteşikli jenaýatlaryň göz-görtele artmagy, türk halkynyň arasynda bu babatda nägilelikleri döredipdi.

Türk içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa 8-nji awgustda sosial mediada paýlaşan maglumatynda “soňky 60 günüň dowamynda 35 müň 867 bikanun migrantyň tussag edilendigini, olardan 17 müň 258 sanysynyň deport edilendigini” mälim etdi.

Türk häkimiýetleri tussag we deport edilenleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne olaryň arasynda türkmenler hem bolup, Türkmenistan şu aýyň başynda Türkiýeden deport bolan müňden gowrak raýatyny ýurda getirdi.

Adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Azatlygyň bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije tapmaýar.

Ýöne 2-nji awgustda Azatlygyň ýurduň dürli pudagyndaky çeşmeleri Türkiýeden deport bolan türkmenler üçin karantin zolaglarynyň esaslandyrylýandygyny, medisina barlaglarynyň guramalaşdyrylýandygyny, galyberse-de getirilen raýatlary sorag etmek üçin MHM-niň işgärlerinden ýörite toparyň düzülýändigini aýdypdylar.

22-nji awgustda garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden deport edilen raýatlarynyň jynsy ýollar bilen geçýän ýokanç kesellere ýolugyp-ýolugmandygyny barlaýandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada tas asla mesele gozgamaýarlar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 24-nji awgustda täzelenen sanlaryna görä, 204 müň 161 türkmen raýaty kanuny esasda bu ýurtda ýaşaýar. Edaranyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrdaky sanlaryna görä, 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Bu sanlar, soňky bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň 26 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.

Hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň resmi görkezijilerden ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çeşme: Türkmenistanyň öňki baş prokurory we Aşgabadyň prokurory saklandy
Nigeriýada tussaghananyň ýumrulmagy netijesinde tussaglylar gaçdy
Gondurasda Tussaghanada Bolan Çaknyşykda 41 Zenan Tussagly Ýogaldy
Lebapda Internet arkaly iş gözleýän adamlar köpelýär
Iki sany ýaş gelin 'türkmene gelişmejek geýim' geýmekde aýyplanyp, polisiýa bölümine alnyp gidildi
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada operasiýa geçirdi