Çeşmeler: Aşyrbaý Bekiýewe 23 ýyl türme tussaglygy berildi

Çeşmeler: Aşyrbaý Bekiýewe 23 ýyl türme tussaglygy berildi

Golaýda Russiýadan Türkmenistana iberilen Aşyrbaý Bekiýew 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, birnäçe çeşme habar berýär. Bu Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli we galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmek praktikasynyň, adamlary gorkuzyp saklamak ýörelgesiniň dowam etdirilýändigini yşarat edýär diýip, synçylar aýdýar.

Hukuk goraýjy Witaliý Ponomarewiň we “Türkmen.news” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, awgust aýynyň aýagynda Russiýadan Türkmenistana iberilen Aşyrbaý Bekiýewe Daşoguzda 23 ýyl türme tussaglygy hökümi çykaryldy.

Türkmenistanda “yslam ekstremizminde” aýyplanyp gözlenen Bekiýew awgust aýynyň aýagynda, Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň kararyna garamazdan, Russiýadan Türkmenistana ekstradisiýa edildi.

Bekiýewiň maşgalasy bilen baglanyşykly çeşmä salgylanyp berlen maglumata görä, kazyýet işi 11-nji oktýabrda, Daşoguzdaky welaýat kazyýetinde, ýapyk gapylaryň arkasynda geçirildi.

Aýyplanýanyň hossarlary geldiler, ýöne diňlenişige goýberilmediler diýip, habarda aýdylýar.

Bekiýewiň aklawçysy onuň garyndaşlaryna öz müşderisine 23 ýyl türme tussaglygy höküminiň çykarylandygyny aýdypdyr.

“Turkmen.”news” neşiriniň ýazmagyna görä, Bekiýew özüne bildirilýän aýyplamalaryň ählisini ret edipdir.

Şeýle-de, habarda Aşyrbaý Bekiýwewiň ýene bir doganynyň, Täçmyradyň häzir Sankt-Peterburgdaky deslalapky tussaghanada Türkmenistana iberilmegine garaşylýandygyny, onuň hem “yslam ekstremizimnde” aýyplanýandygy aýdylýar.

Hukuk goraýjylar Bekiýewiň galplaşdyrylan, esassyz aýyplamalar esasynda saklanyp, uzak möhletli tussaglyga höküm edilendigini aýdýarlar.

Türkmenistan raýatlarynyň dine ynanmak we ynanmazlyk azatlyklaryny yzygiderli çäklendirmekde we onlarça dindary, hususan-da “gülençiler” diýlip hasaplanýanlary bikanun, galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda, urlup-ýenjilip alnan görkezmeler bilen uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmekde tankytlanýar.

Bu hili tussaglaryň birnäçesiniň türmelerdäki agyr şertler esasynda ýogalandygy habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Diňle: Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar
ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN
2-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi