Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar

Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar

Awgust aýynda Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň kararyna garşy tussaglykda saklanýar we ol Daşoguzdaky deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Bu barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezine salgylanyp habar berýär.

Dini sebäplere görä watanynda yzarlanan türkmen bosgun Aşyrbaý Bekiýew Moskwadan Aşgabada 30-njy awgustda deportasiýa edilipdi. Adam hukuklaryny goraýjylar onuň deportasiýa edilmeginden soň nirededigini anyklap bilmän, ykbalyna aladalanma bildiripdiler.

"Aşyrbaýyň garyndaşlaryna tussaghana egin-eşik we iýmit eltmäge rugsat berildi. Ilkibaşda olara deportasiýa edilenden soň onuň iki hepdeden boşadyljakdygyny aýtdylar. Emma bu wada ýerine ýetirilmedi" - diýip, "Türkmen.news" adam hukuklaryny goraýjy guramanyň bilermeni Witaliý Ponomarýowa salgylanyp, 9-njy oktýabrda habar berdi.

Aşyrbaý Bekiýew 2009-njy ýylda Türkmenistany terk edipdi, şondan soň maşgalasy (aýaly we bäş çagasy) bilen Sankt-Peterburgda ýaşapdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri birnäçe ýyl bäri Aşyrbaýyň we onuň dogany Täçmyrat Bekiýewiň ekstradisiýa edilmegini islediler. Ýurduň häkimiýetleri olary "milli we dini ýigrenji öjükdirmekde" aýypladylar.

Adam hukuklaryny goraýjylar bu aýyplamalaryň esassyzdygyny we başgaça pikir edýän migrantlaryň yzarlanýandygyny aýdýarlar.

"Memorial" goramasynyň ozalky maglumatlaryna görä, Bekiýewleriň Orsýetde yzarlanmagy 2016-njy ýylda başlandy, mundan öň 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça derňew bölümi iki dogana garşy jenaýat işini açdy.

Olara garşy üç ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýan Jenaýat kodeksiniň 177-nji maddasynyň 1-nji bölümi ("Sosial, milli ýa-da dini ýigrenji öjükdirmek") boýunça aýyplamalar öňe sürüldi.

Emma 2017-nji ýylda Ýewropanyň Adam Hukuklary sudy Bekiýewiň Türkmenistana ekstradisiýa edilmegini togtatdy. Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň sudy Russiýanyň häkimiýetlerine Türkmenistanyň raýaty Aşyrbaý Bekiýew babatynda sud düzgnleriniň 39-njy kadasynyň ulanylandygy barada habar iberdi. Bu, ekstradisiýa işiniň togtadylmagyna getirýär.

2017-nji ýylyň maý aýynda Orsýet Aşirbaý Bekiýewi boşatdy we onuň Türkmenistana ugradylmagyny ýatyrdy.Emma THF-nyň habar berşi ýaly Bekiýewiň pasportynyň möhleti gutardy we bu onuň immigrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplanmagy üçin esas boldy.

Bekiýew 2023-nji ýylyň baharynda tussag edildi we oňa Russiýa 5 ýyllap girmegi gadan edýän karar çykaryldy.Bekiýewiň karardan şikaýat etmegine garamazdan, ol deportasiýa sezewar boldy.

“Turkmen.news” neşiri Bekiýewleriň Orsýetde bolan döwründe yslam bilen gyzyklanandygyny, ýöne töweregindäki çeşmeleriň aýdyşy ýaly olaryň garaýyşlarynda aşa dinçi pikirleriň bolmandygyny belleýär. Olar diňe medreselere gatnapdyr we dini däpleri ýerine ýetiripdirler.

"Şeýle-de bolsa, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň häkimiýetleri Bekiýewleri Russiýa barýan türkmen studentlerini ekstremizme itermekde aýyplap jenaýat işini açdy. Doganlar bilen aragatnaşyk saklan birnäçe türkmen Siriýa söweşmäge gitdi. Emma olaryň bu karary we çörek bişirilýän kärhanada işlän doganlar bilen arasyndaky gatnaşyk subut edilmedi. Rus häkimiýetleriniň doganlara garşy hiç hili arzasy ýokdy" - diýlip, Türkmen.news neşiriniň habarynda aýdylýar.

Soňky ýylda Türkmenistanyň talaby boýunça daşary ýurtlardaky türkmenleriň öz watanyna deportasiýa edilmegi bilen bagly wakalar köpeldi. Türkmen raýatlarynyň käbiri Türkmenistana alnyp barlansoň tussaghanadadygy anyklandy, beýlekileri dereksiz ýitdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Çeşmeler: Aşyrbaý Bekiýewe 23 ýyl türme tussaglygy berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda