Çeşmeler: Bagyrda, Gökjede jaý ýykyp Aşgabat-sitini gurmak planlaşdyrylýar

Çeşmeler: Bagyrda, Gökjede jaý ýykyp Aşgabat-sitini gurmak planlaşdyrylýar

Aşgabatda ýene-de ýaşaýyş jaýlar köpçülikleýin ýykylýar. Bagyrda ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylary gyssagly göçmäge mejbur bolýarka, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu nobatdaky jaý ýykyşlygyň sebäpleri we häkimiýetleriň bu ýerde göz öňünde tutýan gurluşygyna degişli planalar barada käbir jikme-jiklikleri anykladylar.

Bagyr bilen Gökje ýaşaýyş toplumlarynyň ýerleşýän ýerinde Aşgabat-sitini gurmak göz öňünde tutulýar diýip, paýtagtyň şäher planlaşdyryş gurluşlarynyň birnäçe wekili bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 31-nji oktýabrda habar berdi.

Aşgabatly hünärmenleriň sözlerine görä, Aşgabat-siti üçin başda bellenen ýerde topragyň ýokarky gatlagyndan suw çykandygy sebäpli onuň gurluşygyny başga ýere geçirmek planlaşdyrylypdyr.

Ýurt ýolbaşçylarynyň uly ähmiýet berýän Aşgabat-siti proýektiniň düýbi 2020-nji ýylda tutuldy, emma gurluşyk başlanyp-başlanman togtapdy. Şonda hünärmenler ýeriň durnuksyzlygyna we beýik binalaryň gurulmagynyň howpludygyna ünsi çekipdi. Şol wagtda Aşgabadyň şäher häkimligine golaý çeşmeleriň Azatlyga habar berşi ýaly, binalar üçin çukurlar gazylyp başlan wagtynda ýer ýüzüne golaý ýerasty suwlar tapylypdyr.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabat-siti proýektiniň täze paýtagta öwrülmegine garaşypdy. Taslamanyň eskizine görä, toplumyň bir bölegi hökmünde 12-35 gat beýikligi bolan 200-den gowrak belent bina gurulmalydy.

Aşgabatly gurluşyk bilermenleriň habarçymyza aýtmagyna görä, indi bu proýekte täze ýer saýlamak üçin Bekrewe we Pöwrize aralygynda boş ýerleriň toprak gurluşlaryny öwrenipdirler.

"Bagyryň we Gökjäniň ýer gurluşuny makul tapypdyrlar. Barlag işleri Fransiýanyň we Türkiýäniň bilermenleri bilen bile öwrenildi" diýip, habarçymyz bilermenleriň birini sitirleýär.

Şeýle-de, çeşmeleriň sözlerine görä, Bagyryň saýlanyp almagynyň ýene bir sebäbi onuň ýerleşýän ýeri prezidentiň dogduk mekany Gökdepe tarapyna we Arkadag şäherine hem ýakyn hasaplanýar.

"Gurbanguly we Serdar Berdimuhamedowlar Aşgabat şäheriniň çägini ulaltsa diňe günbatara tarap, ýagny Gökdepä tarap süýşmegi makul bilýärler "towşana dogduk depe" diýip, habarçymyz biler gürleşen çeşme aýtdy.

Çeşmeler planlaşdyrylýan gurluşyk sebäpli Büzmeýin etrabynyň Bagyr we Gökje ýaşaýyş ýerleriniň boşadylmagynyň, şeýle-de golaýdaky başga obýektleriniň hem göçürilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar.

"Bu ýerden 5 kilometr günbatarda Akdepede howa güýçleriniň harby uçarlarynyň howa menzili bar. Bu harby howa menzilini hem Tejeniň çägine göçirmeli etdiler" diýip, çeşme aýdýar.

Mundan öň, anonim gürlän häkimlik resmisi Bagyrda ýykyljak jaýlaryň deregine dynç alyş şypahanalaryny gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdy.

Bagyryň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlarynyň ýykyljagy barada ýaňy ýakynda bilip galdylar. Şäher häkimliginiň wekilleri öýlere aýlanyp, olara hojalyk jaýlarynyň ýykyljakdygy barada resmi hat gowşurypdyrlar.

30-njy oktýabrda Azatlygyň habaryçysy Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hususy ýaşaýyş jaýlaryň eýýäm ýykyp başlandygyny we olardan 10-dan gowragynyň eýýäm ýumrulandygyny habar berdi. Jaý ýykyşlygy hususan-da, Bagyryň Gökje ýaşaýyş toplumy bilen serhetleşýän ýerinden başlapdyrlar. Bu ýerde täze gurlan iki gatly hojalyk jaýlary bar. Olaryň sanynyň müňe golaýdygyny häkimlik resmisine salgylanyp, habarçymyz aýdýar.

Bagyrdaky jaý eýeleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, häkimligiň wekilleri Bagyrdaky jaýlary şu ýylyň ahyryna çenli doly ýykmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdyr we jaýlary ýykylýan raýatlara Büzmeýin şäherinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada beripdir.

Aşgabatda täze gurluşyklaryň başlanmagy we ýaşaýyş jaýlaryň ýykylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi. Onlarça ýylyň dowamynda paýtagtda müňlerçe ýaşaýyş jaýlar ýykyldy maşgalalaryň ençemesi göçmäge mejbur boldy, käbirleri hatda öýsüz galdy.

Habarçylar mundan öň Aşgabat-sitiniň gurluşygy sebäpli häkimiýetleriň Çoganlynyň golaýyndaky jaýlaryň we daçalaryň müňlerçesini ýykandygyny bellýärler.

Aşgabat-siti proýekti üçin ozal niýetlenen ýerde soňky wagtda hiç hili hereket göze ilmedi. Hökümet üç ýyl mundan ozal dabaraly ýagdaýda başlan we gysga wagtyň içinde birden togtadan proýektiniň gurluşygy barada resmi derejede hiç zat aýtmady.

Habarçylara görä, Çoganlyda Aşgabat-sitiniň düýbi tutulan wagty dikilen belgisi şu günler söküp-aýrylyp başlanypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar
Belli estrada aýdymçysy Selimow neşe bilen ilteşikli türmä höküm edildi
Diňle: Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar
Ýaşlar ligasy ― 2022: 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler