GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANGÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistangöwünlere ganat beren bedewler ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ýylymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýilip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanmyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty üstünlikli tamamlandy we halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem durnukly şäher ösüşini has-da ilerletdi
Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar