Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gökderedäki Ýaşlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti ady bilen ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyryjy türkmen milli oýunlaryny oýnap, öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin birnäçe medeni gurnaklaryň guralmagy, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Biz ertekileri okaýarys
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANGÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty üstünlikli tamamlandy we halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem durnukly şäher ösüşini has-da ilerletdi