Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda “Aşgabat” medeni dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar ady bilen aýdym sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda medeniýete we sungata aýratyn sarpa goýulýandygyny, bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işleriň netijesinde-de türkmen medeniýeti, sungaty has-da kämilleşip, onuň köpöwüşginliligi bilen giňden tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary birnäçe ajaýyp aýdy-sazlary ýerine ýetirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
