CIET 2025: Türkmenistan öňdebaryjy senagat kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkidýär

CIET 2025: Türkmenistan öňdebaryjy senagat kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkidýär

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) halkara maslahatynyň çäklerinde duşenbe güni dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklaýan birnäçe möhüm duşuşyklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň energiýa, gurluşyk we senagat meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow "Rönesans Endüstri Tesisleri", "Kawasaki Heavy Industries" we "Haldor Topsoe" kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek, karbamid-formaldegid konsentratyny öndürýän täze desganyň gurluşygy, şeýle hem tebigy gazyň çuňňur gaýtadan işlenilmegi we uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Haldor Topsoe” kompaniýasynyň wise-prezidenti Piter Wang bilen geçirilen duşuşykda ammiak, metanol we sintetiki ýangyç öndürmekde beýleki ýurtlaryň tejribesi, katalitik hem-de inženerçilik çözgütleriniň ulanylmagy, şeýle hem kompaniýanyň Türkmenistandaky täze gazhimiýa taslamalaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew “IBC Dış Ticaret” kompaniýasynyň wekili Ali Ýanar bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda gurluşyk serişdeleriniň we enjamlarynyň üpjünçiligi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de täze binagärlik taslamalarynyň amala aşyrylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) halkara maslahatynyň birinji gününde i Türkmenistanyň döwlet edaralary daşary ýurt kompaniýalary bilen energetika hem-de senagat ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň ýeke-täk desgasyna ýokary sylaglar
23.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
08.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod
28.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşy
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy