CNPC Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrar

CNPC Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrar

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC) Türkmenistandan Hytaýa çenli gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrjakdygyny mälim etdi. Bu barada China Daily habar berdi.

Dördünji gaz turbageçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr mawy ýangyç akdyrmaga mümkinçilik berer. Turbageçiriji Galkynyş ýatagyndan gözbaş alyp, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan arkaly Hytaýa barar.

CNPC-iň habaryna görä, geçen ýyl Hytaýa bar bolan gaz geçiriji şahalary arkaly 42 milliard kub metr tebigy gaz iberilipdir.

2009-njy ýylda açylandan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz turbageçirijisi arkaly 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 423 milliard kub metr tebigy gaz akdyryldy.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Pekinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

10 aýda umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak türkmen gazy Hytaýa eksport edildi
Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda bir günden gowrak wagtlap suw bolmady
Merkezi Aziýa-Hytaýa turbageçirijisi 400 mlrd kubmetr tebigy gaz daşady
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $4,5 milliarddan geçdi
Berk menzil gurluşyk kärhanasy agrosenagat toplumyna zerur bolan önümleri öndürýär
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrmagyň üstünde işleýär