Coca-Cola 10 ýyldan soň täze tagamly içgi bilen tanyşdyrar

Coca-Cola 10 ýyldan soň täze tagamly içgi bilen tanyşdyrar

Coca-Cola kompaniýasy onýyllygyň dowamynda malina we melhem tagamly täze içgisini müşderilere hödürlemekçi. Malina tagamy kompaniýanyň tagamlary garyşdyrmak mümkinçiligi bolan Coca-Cola Freestyle awtomatlarynda meşhurlygy sebäpli saýlanyp alyndy.

Täze içgä goşuljak beýleki hoşboý yslary kompaniýa gizlin saklaýar. Täze içgi iki görnüşde şekerli we şekersiz öndüriler.

Içgi ABŞ-da we Kanadada 19-njy fewralda satuwa çykar.

Bu içginiň müşderileriň tagamlara we hoşboý yslara bolan islegleriniň üýtgändigi bilen bagly döredilendigini kompaniýanyň işgärleri gürrüň berýärler.

Coca-Cola kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky marketing bölüminiň başlygy Şakir Moýn adatça täze tagamly içgini döretmäge azyndan bir ýylyň gerek bolýandygyny, emma malina tagamly içgi üçin bary-ýogy ýedi hepde sarp edilendigini gürrüň berýär.

Bu barada News.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Malide bikanun altyn magdany çökdi
Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Berdimuhamedowy syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýar
Malide terrorçylykly hüjüm guraldy
Mali Wagner bilen ylalaşjakdygy baradaky öňe sürmeler barada beýanat berdi