Çöldäki äpet Gün paneli işläp başlady

Hytaýda çölde gurlan äpet Gün paneli işe girizildi. Desga Hytaýyň çölde gurlan ilkinji arassa energiýa bekedi hasaplanýar. Ýurtda soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyna rekord derejede maýa goýum gönükdirilýär. Ýurduň Içerki Mongoliýa sebitindäki Tenger çölünde gurlan desga dünýäniň we Hytaýyň iň uly ikinji Gün panelli desgasy hasaplanýar.

Gobi çölüniň günortasynda Tenger çölünde ýel bekedi hem bar.Birinji tapgyry işe girizilen taslama doly tamamlanandan soňra toplumyň önümçilik kuwwaty 3 gigawata barabar bolar.Taslamanyň işe girizilen birinji tapgyrynyň önümçilik kuwwaty 1 GW.

Bu görkeziji 1,5 million öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýetjek 1,8 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer.Bu sebitde umumy bahasy 12,28 milliard dollar maýa goýum özleşdiriler.

Häzirki wagtda dünýäniň iň uly Gün paneli Hytaýda bolup, önümçilik kuwwaty 2,2 GW.

Ýene degişli makalalar

Kazanda Abaýyň Aşgabatda dikilen heýkeli ýaly ýadygärligi açylar
Geçen ýyl 20 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana syýahat etdi
Gazak bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler
Ýylyň başyndan bäri 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy
Russiýadan Giden Firmalaryň Gazagystana Gelmegi Islenýär
Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy