Çölde ýiten 14 adamyň jesedi tapyldy

Çölde ýiten 14 adamyň jesedi tapyldy

Merkezi Alžirde ýerleşýän raýat jemgyýetçilik gullugy Gözleg we halas ediş jemgyýetiniň Facebook hasabyndan berilen beýanatda, Liwiýa serhetdeş bolan Ilizi welaýatynyň çöl zolagynda dereksiz ýiten 12-si siriýaly jemi 14 adamyň öli ýagdaýda tapylandygy mälim edildi.

Belkubur diýilýän ýerde tapylan we ýaşlary 10 bilen 57 ýaş aralygynda üýtgeýän 14 adamyň jesedi, Ilizi welaýatynyň Burj Ömer Idris sebitindäki morga alynyp gidildi.

Siriýanyň Alžirdäki ilçihanasyndan berilen ýazmaça beýanatda, çölde jesetleri tapylan 12 adamyň Siriýanyň raýatlardygyny habar berdi.

Mesele bilen bagly Alžiriň resmilerinden entek beýannama berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar